Dostlaryň dekabr duşuşygy

15 sagat öň
19

Dünýä döwletleri, ilkinji nobatda, ýakyn goňşular bilen birek-birege hormat goýmaga esaslanýan gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Munuň şeýledigini GDA döwletleri bilen taryhyň dowamynda emele gelen dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarymyz hem aýdyň görkezýär. 1991-nji ýylyň 8-nji dekabrynda döredilen bu iri sebit guramasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyklaryň oňa agza ýurtlaryň ählisiniň bähbitlerinden ugur alýandygy dostluk köprüleriniň barha mäkämleşmegine ýardam edýär. GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, Türkmenistan oňa gatnaşyjy ýurtlar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň tarapynda çykyş edýär. Hormatly Prezidentimiziň GDA ýurtlarynyň Liderleriniň Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen resmi däl sammitine gatnaşmagy-da dostlukly gadamlaryň dowamly häsiýete eýediginiň beýanyna öwrüldi.

Geçen ýyllaryň dowamynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýurtlary halkara derejesinde birek-birek bilen ylalaşykly, özara goldaw bermek arkaly ýola goýlan hereketlere ygrarlydyklaryny subut edip gelýärler. Muňa BMG-niň çäklerindäki ses berlişiklerde GDA ýurtlarynyň özara goldaw bermek tejribesi hem guwandyryjy mysaldyr. BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky, şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň halkara münberinden öňe süren başlangyçlarydyr teklipleri bilen baglanyşykly möhüm Kararnamalar kabul edilende-de GDA döwletleriniň ählisi goldawlarydyr raýdaşlyklaryny biragyzdan aýan etdiler.

Şöhrat GELDIÝEW,
Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň hünärmeni.