1998-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aýazbabanyň obasynda (Joulupukin Pajakylä) adybir Aýazbaba seýilgähi açylýar. Bu dynç alyş we güýmenje merkezi Finlýandiýadaky iň gowy seýilgähleriň biridir. Arktika tegeleginde ýerleşýän bu seýilgäh Aýazbabanyň gowakdaky otagyna meňzedilip, gaýalaryň içinde gurlupdyr. Dürli medeniýetlerde Aýazbabanyň Laplandiýa ülkesinde ýaşaýandygy bellenilýär. Çagalaryň Täze ýyl baýramyndaky gahrymany hakykatda ýok hem bolsa, Aýazbabanyň obasynda bütin dünýäniň çagalaryndan hat kabul edýän poçta we seýilgäh bar. Bu oba Finlýandiýanyň demirgazygyndaky Laplandiýa sebitiniň merkezi şäheri Rowanieminiň golaýynda ýerleşýär. Syýahatçylar Rowaniemi şäherine Aýazbaba bilen görüşmek üçin gelýärler. Aýazbaba seýilgähinde adatça, Aýazbaba degişli zatlar saklanyp, bu ýer Täze ýyl däp-dessurlaryny, şeýle-de lapland medeniýetini we tebigatyny görkezmek maksady bilen gurlupdyr.
Aýazbaba seýilgähinde körpeje myhmanlara Aýazbabanyň şekilindäki «Gingerbread’s Gingerbread» atly kökejikler hödür edilýär. Çagalar «Buz galereýasy» atly bölümde buz şazadasy bilen görüşýärler hem-de poçta bölüminden ýakynlaryna Täze ýylyny gutlap hat iberýärler. Seýilgähiň «Candybar», «Jadyly otly», «Kota» kafesi, Elfleriň mekdebi we senetçilik zolagy bölümleri bu ýere gelenlerde ýatdan çykmajak täsir galdyrýar. Aýazbaba seýilgähinde, esasan, akrobatik şüweleňler – «Jadyly Roždestwo» çykyşlary görkezilýär.