Hoş geldiň Täze ýyl, eziz Diýara

16 sagat öň
34

Ýakynda Balkanabat şäherindäki «Miras» toý dabaralary merkezinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň guramagynda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabara TKA-nyň  welaýat birleşmesiniň hünärmenleri, welaýatyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän KA-nyň işjeň agzalary gatnaşdylar. Dabarada çykyş edenler ýetip gelýän täze, 2025-nji ýylyň hem rysgally, bereketli ýyl bolmagyny arzuw etdiler.

Dabaranyň dowamynda Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyp ýaşlarynyň aýdym-sazly çykyşlary dabara gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin uly tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

Jeren GARAJAÝEWA,
TKA-nyň Balkan welaýat birleşmesiniň guramaçylyk we medeni-köpçülik işleri bölüminiň esasy hünärmeni.