Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyna uly ähmiýet berilýär. Halkymyzyň sagdyn durmuşda ýaşamagyny üpjün edýän kadalary ornaşdyrmak, şol sanda sport bilen meşgullanmak we beýleki ugurlar bilen sazlaşykly utgaşdyrmak ýaly işler ileri tutulýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda kesgitlenen ugurlaryň biri hem ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini, sport hereketlerini ösdürmekdir. Şunda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň rowaçlanýandygyny, saglyk boýunça baş maksatnamanyň sazlaşykly utgaşýandygy bellärliklidir.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ähli ulgamlar bilen bir hatarda, saglygy goraýyşda hem uly ösüşler gazanylýar, belent üstünliklere ýetilýär. Tamamlanyp barýan 2024-nji ýylda hem bu ulgamda örän uly işler durmuşa geçirildi. Dünýä ülňülerine doly laýyk gelýän 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň we 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň gurlup ulanylmaga berilmegi «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.