Soňky ýyllarda awtoulag senagatynda iş alyp barýan kompaniýalar hyzmatdaşlygyny has-da berkidýärler. Ýaponiýanyň dünýä belli «Nissan», «Honda» we «Mitsubishi» brendleri hem öz aralaryndaky hyzmatdaşlygy has-da berkidip, birleşmek kararyna gelendiklerini mälim etdiler. Kompaniýalar geljek ýylyň iýun aýyna çenli gepleşikler geçirer we şondan soňra bir kompaniýa öwrüler. Birleşen kompaniýalaryň umumy kompaniýada deň derejede paýnamalary bolar. Kompaniýalar birleşenlerinden soňra her ýyldaky umumy öndürýän awtoulag sany 8 milliondan geçip, «Toyota»-dan we «Volkswagen»-den soňra üçünji orna çykar. Dörediljek kompaniýanyň paýnamalary 2026-njy ýyldan başlap dünýä biržalaryna çykarylar.
Häzirki wagtda «Toyota» her ýylda 11 milliondan gowrak awtoulag öndürip bu babatda dünýäde birinji orny eýeleýär.