Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministrini kabul etdi

11 Noýabr 2021
1654

09.11.2021.  Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministri Mihael Linharty kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Awstriýanyň Federal Prezidentiniň we Federal Kansleriniň salamyny ýetirdi. Şunuň bilen baglylykda, awstriýaly hyzmatdaşlaryň hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanýan hem-de giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasy ugry amala aşyrýan Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge çalyşýandygy tassyklanyldy.

www.tdh.gov.tm