Türkmenistanyň Prezidenti Bitaraplyk binasynda gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

13 Dekabr 2021
1988

12.12.2021. Şu gün türkmenistanlylar Halkara Bitaraplyk gününi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Kararnamasyny kabul etmeginiň 26 ýyllygyny belleýärler. Bu şanly baýram mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde we paýtagtymyzda baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy. Baş şäherimizde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda halkymyzyň belent binýatlaýyn ýörelgeleriniň—parahatçylyk söýüjiligiň, hoşmeýilliligiň hem-de ynsanperwerligiň dabaralanmagynyň nyşanyna öwrülen Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasy boldy.

Döwlet Baştutanymyz Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkyna Gutlagynda belleýşi ýaly, biziň alyp barýan parahatçylyk we ynanyşmak syýasatymyz halkara howpsuzlygynyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýadydyr. Turkmenistan gysga taryhy döwrüň içinde dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalary bilen parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna dostluk, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmakda, halkara bileleşiginiň tagallalaryny utgaşdyrmakda gymmatly tejribe toplady.

www.tdh.gov.tm