Ýurdumyzyň raýatlarynyň öz konstitusion hukuklaryny peýdalanyp, saýlaw uçastoklaryna gelmeli we döwlet Baştutanynyň wezipesine dalaşgärleriň dokuzysyndan birine seslerini bermeli pursadyna çenli az wagt galdy. Bu saýlawlaryň netijesi Watanymyzyň geljekki ykbalyny we onuň häzirki döwürdäki ösüşini kesgitlär.
Öňde boljak jemgyýetçilik-syýasy çäräniň wajypdygyna göz ýetirýän türkmenistanlylar saýlawlaryň öňüsyrasynda geçirilýän möwsüme ilkinji günlerden başlap işjeň gatnaşýarlar we mähriban topragymyzda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmelere dahyllydyklaryny çuňňur beýan edýärler. Şu günler jemgyýetçiligiň, zähmetkeşler toparlarynyň, edaralaryň, guramalaryň wekilleriniň, hormatly ýaşulularyň we ýaşlaryň gatnaşmagynda ýurdumyzyň welaýatlarynda guralýan saýlawlaryň öňüsyrasyndaky çäreler, saýlawçylaryň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärler bilen duşuşyklary munuň aýdyň beýanydyr.