Ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary dowam edýär. Dalaşgärler ýurdumyzyň her welaýatyna baryp, wagyz işlerini geçirmek üçin Saýlaw kodeksine laýyklykda özlerine berlen deň mümkinçiliklerden we hukuklardan peýdalanýarlar hem-de saýlawçylar bilen duşuşyklarda, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş edýärler. Munuň özi demokratik ýörelgeleriň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Duşuşyklar jemgyýetçilik guramalarynyň, edaralaryň we kärhanalaryň zähmetkeş toparlarynyň wekilleriniň, hormatly ýaşulularyň, ýaşlaryň giňden gatnaşmagynda geçýär.
Ahal welaýaty, 1-nji mart (TDH). Şu gün Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheriniň medeniýet öýünde raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige hödürlenen, ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň “Awaza” şypahanasynyň baş lukmany, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Berdimämmet Gurbanowyň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy.