Aşgabat, 18-nji fewral. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ruhyýet köşgünde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna seredildi, şeýle hem käbir soraglar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ir bilen döwlet Baştutanymyz “Oguzhan” köşkler toplumyndan pyýadalap, Ruhyýet köşgüne tarap ugrady. Soňky ýyllarda Watanymyzyň ähli künjeklerinde, şol sanda paýtagtymyzda ekologiýa meselelerine uly üns berilýär. Onuň derejesi ýokary halkara ölçeglere kybap gelmelidir.