Aşgabat, 24-nji fewral. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Döwlet Baştutanymyz E.Stýuart bilen mähirli salamlaşyp, dostlukly türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň okgunly ösýändigini kanagatlanma bilen belledi. Onda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine esasy orun berilýär.