Saýlaw möwsüminiň möhüm tapgyry — Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary dowam edýär. Dalaşgärler ýurdumyzyň welaýatlaryna baryp, wagyz işlerini geçirmek üçin, Saýlaw kodeksine laýyklykda, özlerine berlen deň hukuklardan we mümkinçiliklerden peýdalanýarlar hem-de saýlawçylaryň öňünde çykyş edýärler. Munuň özi demokratik ýörelgeleriň dabaralanmagynyň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmenabat, 23-nji fewral. Şu gün Lebap welaýat häkimliginiň maslahatlar zalynda Demokratik partiýa tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär hödürlenen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow bilen saýlawçylaryň duşuşygy boldy. Iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär bilen duşuşyga kärhanalaryň zähmetkeşler toparlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ekerançylar, hormatly ýaşulular we kümüş saçly eneler gatnaşdylar.