Aşgabat, 23-nji fewral. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna gelip, bu ýerde behişdi bedewler bilen didarlaşdy hem-de edebi döredijilik bilen meşgullandy. Munuň özi şöhratly pederlerimiziň yhlasyndan kemal tapan dünýä nusgalyk milli gymmatlyklarymyza aýratyn sarpa goýmagyň, çeper döredijilikde ýetilen sepgitlere, geçilen manyly menzillere uly ähmiýet berilýändiginiň aýdyň beýanydyr.
Milli Liderimiziň yzygiderli tagallasy netijesinde ady rowaýata öwrülen we dünýä medeniýetinde mynasyp orun eýeleýän ahalteke bedewleriniň halkara giňişlikdäki abraýy barha belende göterilýär. Soňky ýyllarda ahalteke bedewlerine dünýä alymlary, taryhçylary we atşynaslary tarapyndan uly üns berilýär. Dünýä genji-hazynasynda ahalteke bedewleri türkmenleriň döredijilik zehininiň aýdyň mysaly hökmünde aýratyn orun eýeleýär.