Ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak dowam edýär

22 Fewral 2022
1710

Şu ýylyň 12-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň — möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň taýýarlyk işleriniň gerimi giňeýär. Häzirki döwürde iň ýokary döwlet wezipesine has mynasyp görlen dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak dowam edýär.

Aşgabat, 21-nji fewral. Şu gün Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň maslahatlar zalynda Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň nobatdan daşary III gurultaýy geçirildi. Onuň gün tertibine Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgäri hödürlemek meselesi girizildi. Gurultaýa ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we beýleki düzümleriň wekilleri gatnaşdylar.

www.tdh.gov.tm