Aşgabat, 26-njy fewral. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Milli Liderimiz türk kärdeşi bilen mähirli salamlaşyp, Rejep Taýyp Ärdoganyň hem-de onuň maşgalasynyň koronawirus ýokanjyndan sagalandyklaryna örän şatdygyny belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz dostlukly döwletiň Baştutanyny doglan güni bilen mähirli gutlady hem-de berk jan saglyk, abadançylyk, Türkiýäniň halkynyň bähbidine we ýurduň gülläp ösmegi ugrundaky ähli başlangyçlarynda täze üstünlikleri arzuw etdi.