HABARLAR

Tolkun atýan rysgal ummany bugdaý!

Hormatly Prezidentimiz 2-nji iýunda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky iş maslahatynda Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynda 4-nji iýunda galla oragyna girişmäge ak pata berdi. Düýn welaýatlaryň gallaçylary il sylagly ýaşulularyň «bismillasy» bilen galla oragyna girişdiler. Balkan we Daşoguz welaýatlarynda galla oragyna 11-nji iýunda badalga berler.

Daýhandan hereket, ýerden bereket

Mälim bolşy ýaly, 2-nji iýunda döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýeriň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda hormatly Prezidentimiz Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynda 4-nji iýunda, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa 11-nji iýunda galla oragyna girişmäge ak pata berdi. Asylly däbe görä, düýn ýurdumyzyň Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynyň ekin meýdanlarynda hormatly ýaşulularyň «Bismillasy» bilen galla oragyna başlanyldy. Edermen gallaçylarymyzyň yhlasly zähmeti netijesinde, şu ýyl ýurdumyzyň welaýatlarynda bugdaýyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi.

Sahawatly topragyň berekedi

Golaýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy we döwlet durmuşyna degişli beýleki wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Galla oragyna girişildi

Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi, il içinde hormatlanylýan hem-de sylanylýan ýaşulularyň «Bismillasy» bilen, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky «Watan» daýhan birleşiginiň bereketli meýdanlarynda galla oragyna girişildi. Gahryman Arkadagymyzyň galla oragyna başlamak barada «Çäjiňize bereket, hormatly gallaçylar!» diýip, ak pata bermeginden ruhlanan lebaply babadaýhanlaryň galla oragyna guramaçylykly girişen günleri irden welaýat häkimliginde geçirilen geňeş-maslahatyna galla oragyna dahylly ýolbaşçylar we hünärmenler, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Geňeş-maslahatynda welaýatyň 130 müň gektar ekerançylyk meýdanynda ýetişdirilen bugdaýdan 310 müň tonna hasyl ýygnamak üçin iş we dynç alyş, zähmeti höweslendiriş şertleriniň döredilendigi barada aýdyldy. Galla oragynda däne ýygnaýjy kombaýnlaryň 430-sy ulanylar. Olaryň ählisi hem daşary ýurtlaryň kuwwatly tehnikalarydyr. Oraga kombaýnçylaryň 860-sy gatnaşar. Şu galla oragy möwsüminde ýygnalan hasyly daşamak üçin dürli görnüşli ýük ulaglarynyň 2150-si ulanylar.

Bol hasyla ynam bilen

welaýatymyzyň gallaçylary bugdaý oragyna girişdiler Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi we il içinde hormatlanylýan hem-de sylanylýan ýaşululara ýerlerde «bismilla» diýip başlap bermegi tabşyrmagy bilen Lebapda hem Çärjew etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginiň bereketli meýdanlarynda türkmeniň durmuşyndaky ýatdan çykmaýan dabaralara mahsus bolan däp-dessurlaryň ählisiniň berjaý edilmeginde bugdaýyň bol hasylyny ýygnamaga uludan badalga berildi.

Welaýatymyzda galla oragyna guramaçylykly girişildi

Halkym yhlasyndan tapýar kemaly, ýaşaýşyň dowamat — dowamy, bugdaý! Oba hojalyk ekinleriniň iň gadymylarynyň we esasylarynyň biri ak bugdaý, bereketli topragymyzda has irki döwürlerden bäri ösdürilip ýetişdirilýär. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda ak bugdaýyň mekany hasaplanylýan Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde jepakeş ilimiziň zähmeti bilen ak bugdaýyň bol hasyly ýetişdirildi. Ýetişdirilen galla hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnap almak, oragy guramaçylykly we netijeli geçirmek şu günki günüň wajyp we möhüm meselesidir.

Welaýatlary ösdürmegiň möhüm ugurlary

2-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy we döwlet durmuşyna degişli beýleki wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyny açyp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe oba hojalygyny ösdürmek boýunça toplumlaýyn çäreleriň amala aşyrylýandygyny belledi. Edermen gallaçylaryň yhlasly zähmeti netijesinde, şu ýyl ýurdumyzyň welaýatlarynda bugdaýyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi. Galla oragy möwsüminiň ýakynlaşyp gelýändigini nazara alyp, gallaçy daýhanlarymyzyň möwsümi gysga möhletlerde tamamlamagy üçin zerur tagallalar edilmelidir diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

500 tonna pile ugrunda: guwandyryjy netijeler

AK PILÄNIŇ BOL HASYLYHormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalygynyň beýleki ugurlarynyň hatarynda, ýüpekçiligi ösdürmek, bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak babatda taýsyz tagallalary oňat netijelerini berýär. Munuň şeýledigini «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Köneürgenç etrabynyň «Akgala» daýhan birleşiginiň ýüpekçileriniň bu ugurda gazanýan üstünlikleri hem aýdyň görkezýär. Has takygy, olar şu möwsümde 261 guty ýaş gurçuklary idetmäge alyp, ak piläniň saldamly hasylyny ýetişdirdiler. Olar kemala getirilen bereketli pile hasylyny ýygnamaga etrapda ilkinjileriň hatarynda girişdiler. Daýhan birleşiginiň ýüpekçileri Mubarak Täjiýewa 6,5 guty gurçukdan 281 kilogram, Rana Ýoldaşewa 6 gutudan 262 kilogram, Kamiljan Ametow 5 guty ýüpek gurçugyndan 224 kilogram, Amangül Öwezowa we Ýoldaş Tahyrow dagynyň her biri 2,5 guty gurçukdan, degişlilikde, 112 we 108 kilogram, şeýle hem Oguljan Bakyýewa 1,5 guty ýüpek gurçugyny idedip, 75 kilogram pile hasylyny ýetişdirip, zähmet üstünliklerini gazandylar. Bu öňdebaryjy daýhan birleşiginiň ýüpekçileri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy baýram edilýän şu ýylda 10 tonna 270 kilogram pile hasylyny döwlet harmanyna tabşyrmagy maksat edinýärler.

Çäjiňe bereket, gallaçy!

Hormatly Prezidentimiz 2-nji iýunda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynda 4-nji iýunda, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa 11-nji iýunda galla oragyna girişmäge ak pata berdi. Asylly däbe görä, ýurdumyzyň hormatly ýaşululary galla oragyny: «Bismilla» bilen başlap bererler. Döwlet Baştutanymyz zähmetsöýer gallaçylara we ähli oba zähmetkeşlerine berk jan saglyk, abadan, bagtly durmuş, täze zähmet ýeňişlerini arzuw edip, daýhanlaryň sahawatly toprakdan bol hasyl aljakdyklaryna ynam bildirdi. Edermen gallaçylaryň yhlasly zähmeti netijesinde şu ýyl ýurdumyzyň welaýatlarynda bugdaýyň bol hasylynyň ösdürilip ýetişdirilendigini, galla oragy möwsüminiň ýakynlaşyp gelýändigini nazara alyp, gallaçy daýhanlarymyzyň möwsümi gysga möhletlerde tamamlamagy üçin zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi. Galla hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, halkymyzy azyk önümleri bilen doly üpjün etmek üçin azyk bolçulygyny pugtalandyrmak möhümdir.

Yhlasly zähmetiň miwesi

Baýramaly etrabynyň «Täze ýol» daýhan birleşiginiň zähmetsöýer oba adamlary ekinleriň dürli görnüşini ösdürip ýetişdirmekde we olaryň islendiginden bol hasyl almakda Mary welaýatynda ussat daýhanlar hökmünde tanalýar. Olar gowaça, bugdaý, gant şugundyryny hem-de gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmekde nusga alarlyk işleri durmuşa geçirýärler. Daýhan birleşiginiň hasyl ussatlary «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda-da oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak üçin gaýratly zähmet çekýärler. Hojalygyň gallaçylary geçen güýzde 3160 gektar meýdana ak bugdaýyň tohumyny sepip, kadaly gögeriş gazandylar. Olar meýdanlardaky ak ekinlere ideg etmegi ylmyň gazananlaryny daýhançylykda toplanan baý tejribeler bilen utgaşykly alyp baryp, bugdaýyň bol hasylyny gazanmak üçin irginsiz alada edýärler.