Welaýatlary ösdürmegiň möhüm ugurlary

4 Iýun 2021
972

2-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy we döwlet durmuşyna degişli beýleki wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyny açyp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe oba hojalygyny ösdürmek boýunça toplumlaýyn çäreleriň amala aşyrylýandygyny belledi. Edermen gallaçylaryň yhlasly zähmeti netijesinde, şu ýyl ýurdumyzyň welaýatlarynda bugdaýyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi. Galla oragy möwsüminiň ýakynlaşyp gelýändigini nazara alyp, gallaçy daýhanlarymyzyň möwsümi gysga möhletlerde tamamlamagy üçin zerur tagallalar edilmelidir diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

«Daşoguz habarlary».