Wagyz-ündew çäreleri geçirilýär

20 Sentýabr 2024
428

Ýurdumyzda dowam edýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyga bagyşlap, polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň işgärleri bilen bilelikde etrabymyzdaky orta mekdeplerde wagyz-ündew çärelerini yzygiderli geçirýäris.

Hemmeler üçin hem ähmiýetli bolan bu çärelerde edilýän çykyşlarda ýol hereketiniň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň, degişli düzgünlere eýerilmeginiň hökmanydygyna aýratyn üns çekilýär. Şeýle hem çykyşlarda pyýadalar üçin niýetlenilen geçelgelerden geçmelidigi, ýoldan geçilende telefon, gulaklyk ýa-da beýleki ünsüňi sowujy enjamlaryň ulanylmaly däldigi nygtalýar. Mekdep okuwçylaryna ýol hereketiniň düzgünleri beýan edilen gollanmalar hem paýlanylýar. Bu işleriň guramaçylykly geçirilmegine «Arkadag» ýaşlar merkeziniň meýletinçileri hem işjeň gatnaşýarlar.

Baýram GURBANOW,
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Köýtendag etrabyndaky wekili.