Ho­lann her hep­de tä­ze re­kord goý­ýar

1 sagat öň
0

Ang­li­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da sa­na­wyň li­de­ri «Man­çes­ter Si­ti» öz meý­dan­ça­syn­da «Brent­ford» bi­len du­şu­şyp, 25-nji se­kunt­da gol ge­çirt­se-de, Ho­lan­nyň gol­la­ry esa­syn­da 2-1 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­zan­dy. Ho­lan­nyň «Pre­mi­er Li­ga­da­ky» gol­la­ry­nyň sa­ny 70 oýun­da 72-ä ýet­di. Ol möw­sü­miň ba­şyn­da­ky il­kin­ji 4 du­şu­şyk­da 9 gol ge­çi­ren il­kin­ji fut­bol­çy bol­dy. Onuň 2-nji go­lu­nyň pa­sy­ny der­we­ze­çi Eder­son ber­di. Onuň APL-de asist­le­ri­niň sa­ny 4-e ýe­tip, ol bu ugur­da 2-nji­li­gi bir­nä­çe der­we­ze­çi bi­len paý­laş­ýar.

De­mir­ga­zyk Lon­don der­bi­sin­de «Ar­se­nal» myh­man­çy­lyk­da «Tot­ten­ham­dan» Gab­rie­liň 64-nji mi­nut­da ge­çi­ren ýe­ke-täk go­ly esa­syn­da üs­tün çyk­dy. «Li­wer­pul» öz meý­dan­ça­syn­da «Not­tin­gam Fo­res­ti» ka­bul edip, möw­süm­dä­ki il­kin­ji go­lu­ny ge­çirt­di we 1-0 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war bol­dy. «Li­wer­pul» 1969-njy ýyl­dan bä­ri il­kin­ji ge­zek «Not­tin­gam Fo­rest­den» öz meý­dan­ça­syn­da ýe­ňil­di. «Man­çes­ter Ýu­naý­ted» bol­sa myh­man­çy­lyk­da «So­ut­hemp­to­ny» De Ligt (35), Reş­ford (41) hem-de Gar­na­ço­nyň (90+7) gol­la­ry esa­syn­da 3–0 ha­sa­byn­da ýeň­di. «Ewer­ton» bol­sa şu möw­süm­de bas­syr 2-nji ge­zek 2–0 öňe saý­la­nan du­şu­şy­gyn­da-da «Aston Willadan» 3–2 ha­sa­byn­da utul­dy. «Ewer­ton» soň­ky 65 ýyl­da il­kin­ji ge­zek çem­pio­nat­da möw­sü­miň ba­şyn­da­ky 4 du­şu­şy­gyn­da ýeň­li­şe se­ze­war bol­dy. «Çel­si­niň» myh­man­çy­lyk­da «Born­mu­ty» Nkun­ku­nyň 86-njy mi­nut­da­ky ýe­ke-täk go­ly bi­len ýe­ňen du­şu­şy­gy «Pre­mi­er Li­ga­nyň» ta­ry­hy­na gir­di. Du­şu­şyk­da emin An­to­ni Teý­lor je­mi 14 sa­ry kart gör­ke­zip, bu APL-niň ta­ry­hyn­da iň köp sa­ry kart çy­ka­ry­lan du­şu­şyk hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy. Umu­my­lyk­da APL-de şu tap­gyr­da emin­ler 65 ge­zek sa­ry kart­la­ry­na ýüz tut­du­lar we bu gör­ke­zi­ji re­kor­da deň bol­dy.