Baýramçylyk dabarasy geçirildi

16 sagat öň
31

Golaýda Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap häkimliginiň Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Bagtyýarlyk etrap komiteti, şeýle hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap geňeşi bilen bilelikde guramagynda «Aşgabadyň ýalkymy» söwda merkeziniň «Altyn» toý zalynda «Arkadagly Serdar bilen ýurdum Täze ýyla barýar» atly baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Täze ýyla bagyşlanyp geçirilen dabarada Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň döredijilik toparynyň, şeýle hem medeniýet we sungat işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlary baýramçylyk dabarasynyň şowhunyny artdyrdy.

Şirin MIRMEDOWA,
TDP-niň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap komitetiniň partiýa guramaçysy.