Täze kitaplar gelip gowuşdy

2 sagat öň
1

Kitap adamzadyň deňsiz-taýsyz gymmatlygydyr. Bu gymmatly baýlygyň halkymyza has elýeterli bolmagy üçin ýurdumyzda uly tagallalar edilýär.

Golaýda welaýat kitaphanamyza «Galkynyş» kitap merkezinden täze kitaplar gelip gowuşdy. Kitaplaryň arasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň şanly menzilleri» atly kitabynyň I jiltiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi tarapyndan işlenilip taýýarlanylan «Hatyra» kitabynyň V jiltiniň, «Arkadag hem Pyragy — köňüller şamçyragy» kitabynyň, «Türkmen keçesi» kitabynyň, şeýle-de Annadurdy Eýeberenowyň «Syrly setirleriň çözgütleri», Akmyrat Hojanyýazowyň «Watan hakda aýdym», «Özüň bolup ýaşamak» atly kitaplarynyň bolmagy bizi diýseň begendirdi. Täze gelip gowşan kitaplaryň jemi sany 1760 bolup, olar welaýat kitaphanasynyň hünärmenleri tarapyndan şäher, etrap merkezi kitaphanalaryna we olaryň şahamçalaryna paýlanyldy. Kitaplar baradaky maglumatlar kitaphanamyzyň elektron, elipbiý we pudaklaýyn kataloglarynda hem ýerleşdirildi. Kitaphanaçylar täze gelen kitaplary sergileriň, tanyşdyrylyş dabaralarynyň, synlaryň, edebi agşamlaryň üsti bilen wagyz edýärler. Bu bolsa kitaphanalarda okyjylaryň sanynyň artmagyna itergi berýär.

Aýjeren ŞAMUHAMMEDOWA,
welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçysy.