Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe beýleki ulgamlar bilen deň hatarda, oba hojalyk pudagynda gazanylýan ösüşler halkymyzyň bolelin, eşretli, bagtyýar durmuşyny üpjün edýär. Müňýyllyklaryň dowamynda ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän ekerançylyk däpleri esasynda oba hojalygynyň ösmegi we girdejili pudaga öwrülmegi üçin halal zähmetiň nusgasyny görkezýän babadaýhanlarymyz bereketli toprakdan bol hasyl alyp, ata Watanymyzyň ösüşlerine uly goşant goşýarlar.
Berkarar ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde daýhanlarymyzyň arman-ýadaman zähmet çekip, sahawatly ene ýerden bol hasyl almaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Daýhanlarymyza, mülkdarlarymyza döwlet tarapyndan uly ýeňillikler berilýär. Olar dökün, tohum, tehnika we beýleki serişdeler bilen üpjün edilýär, kämil, ýokary öndürijilikli kombaýnlaryň hyzmatyndan peýdalanýarlar. Babadaýhanlarymyzyň tabşyrýan hasyllary üçin öz wagtynda hasaplaşyklar geçirilýär. Alyn derini ene topraga siňdiren her bir daýhan, kärendeçi, mülkdar özi üçin edilýän aladanyň netijesinde zähmetsöýerligiň belent nusgasyny görkezýär. Olar ýylyň-ýylyna oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirýärler. Daýhanlarymyzyň ýetişdirýän bol hasyly rysgal-bereket bolup saçaklarymyzy bezeýär.