Galla oragyna girişildi

4 Iýun 2021
1013

Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi, il içinde hormatlanylýan hem-de sylanylýan ýaşulularyň «Bismillasy» bilen, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky «Watan» daýhan birleşiginiň bereketli meýdanlarynda galla oragyna girişildi.

Gahryman Arkadagymyzyň galla oragyna başlamak barada «Çäjiňize bereket, hormatly gallaçylar!» diýip, ak pata bermeginden ruhlanan lebaply babadaýhanlaryň galla oragyna guramaçylykly girişen günleri irden welaýat häkimliginde geçirilen geňeş-maslahatyna galla oragyna dahylly ýolbaşçylar we hünärmenler, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Geňeş-maslahatynda welaýatyň 130 müň gektar ekerançylyk meýdanynda ýetişdirilen bugdaýdan 310 müň tonna hasyl ýygnamak üçin iş we dynç alyş, zähmeti höweslendiriş şertleriniň döredilendigi barada aýdyldy. Galla oragynda däne ýygnaýjy kombaýnlaryň 430-sy ulanylar. Olaryň ählisi hem daşary ýurtlaryň kuwwatly tehnikalarydyr. Oraga kombaýnçylaryň 860-sy gatnaşar. Şu galla oragy möwsüminde ýygnalan hasyly daşamak üçin dürli görnüşli ýük ulaglarynyň 2150-si ulanylar.

Şakir TURAÝEW,
žurnalist.