Orak möwsümine taýýar

31 Maý 2021
898

Günüň reňkini gün-günden özüne siňdirýän meýdanlarda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30-njy ýylynyň berekedi ― tyllaýy bugdaý hasyly ýetişip gelýär. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde bolşy ýaly, öňde duran galla oragyna biziň welaýatymyzda, şol sanda Halaç etrabynda hem ýokary derejede taýýarlyk görülýär.

Etrap boýunça geçen güýzde bugdaýyň «Kalym», «Batko», «Moskwa», «Bitarap» ýaly görnüşleriniň tohumy sepilen 22 müň 700 gektar ýerden şu ýyl 53 müň 500 tonna bugdaý almak meýilleşdirilýär. Bahar bilen tomsuň sepgidindäki häzirki günlerde gözüňi dokundyrýan atyzlar öňde goýlan maksadyň üstünlikli ýerine ýetiriljekdigini buşlaýar.

Babamyrat GURBANOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Halaç etrap birleşmesiniň hünärmeni.