Jogapkärli möwsüm

31 Maý 2021
984

Daýhan-mert, ýer-jomart. Toprak — hazynaly hum. Daýhanlar topraga tohum sepip, ekinleriň idegini ýetirip, ýerden ak bugdaýdyr «ak altyn», gök-bakja önümlerini, dürli ir-iýmişleri öndürýärler. Şu günler daýhan zähmeti bilen kemala getirilen altynsow öwüsýän ak ekinleri synlamaga göz gerek, taryplamaga söz. Şemalyň ugruna ygşyldap, tolkun atýan bugdaýly meýdanlar bereketli hasylyň ýetişendiginden habar berýär.

Gahryman Arkadagymyzyň oba hojalyk ulgamyny ösdürmek, özgertmek, ak bugdaýyň öndürilişini artdyrmak boýunça edýän uly tagallalaryna tutanýerli zähmetleri bilen jogap berýän welaýatymyzyň gallaçylary şu ýylyň hasyly üçin Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynyň güýzünde 170 müň gektar ýere bugdaý tohumyny sepdiler we öz wagtynda kadaly gögeriş aldylar. Güýz idegi kemsiz ýetirilen ak ekinler kadaly gyşladyldy. Baharyň ilkinji günlerinden başlap bugdaýyň agrotehniki ideg çäreleriniň depgini güýçlendirildi.