Çäjiňe bereket, gallaçy!

4 Iýun 2021
774

Hormatly Prezidentimiz 2-nji iýunda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynda 4-nji iýunda, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa 11-nji iýunda galla oragyna girişmäge ak pata berdi. Asylly däbe görä, ýurdumyzyň hormatly ýaşululary galla oragyny: «Bismilla» bilen başlap bererler.

Döwlet Baştutanymyz zähmetsöýer gallaçylara we ähli oba zähmetkeşlerine berk jan saglyk, abadan, bagtly durmuş, täze zähmet ýeňişlerini arzuw edip, daýhanlaryň sahawatly toprakdan bol hasyl aljakdyklaryna ynam bildirdi. Edermen gallaçylaryň yhlasly zähmeti netijesinde şu ýyl ýurdumyzyň welaýatlarynda bugdaýyň bol hasylynyň ösdürilip ýetişdirilendigini, galla oragy möwsüminiň ýakynlaşyp gelýändigini nazara alyp, gallaçy daýhanlarymyzyň möwsümi gysga möhletlerde tamamlamagy üçin zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi. Galla hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, halkymyzy azyk önümleri bilen doly üpjün etmek üçin azyk bolçulygyny pugtalandyrmak möhümdir.

Kümüş BABAJANOWA.
Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebi.