Rysgal-berekediň gözbaşy

4 Iýun 2021
883

Şu gün döwlet Baştutanymyzyň ak pata bermegi bilen, ýurdumyzyň Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynyň ak ekin ussatlary il sylagly ýaşulularyň gatnaşmagynda galla oragyna dabaraly ýagdaýda girişýärler. Oba hojalygyndaky bu möhüm we jogapkärli möwsüme welaýatymyzyň oba zähmetkeşleri hem taýýarlykly geldiler.

“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň hasyly üçin welaýatymyzyň ekerançylyk meýdanlarynyň 195 müň gektarynda guşgursak ak bugdaýyň bol hasyly ýetişdirildi. Giň gözýetime ýaýylyp gidýän altynbaşly ak bugdaýly meýdandaky hasyly çalt, ýitgisiz ýygnamak we kabul ediş nokatlaryna bökdençsiz daşamak babatda ähli zerur şertler üpjün edildi.