Erik — bedene görk

3 Iýun 2021
1042

Garalylar maşgalasyna degişli bolan erigiň ylmy taýdan «Prunus armeniaca» atlandyrylýandygy köpleri geň galdyrmagy mümkin. Onuň adyndan «ermeni» sözüniň bolmagynyň sebäbi käbir alymlaryň erigiň watany hökmünde Ermenistany öňe sürýändigi bilen baglanyşyklydyr. Ýöne erik ir döwürlerde gadymy Gresiýanyň, Rimiň hem halkyna mälim ekeni. Käbir hünärmenler bolsa ýabany ösümlik bolan erigi ilki bolup Hindistanda 3 müň ýyl gowrak mundan ozal özleşdirip ugrapdyrlar diýip çak edýärler.

Ýöne bir zat belli: erik ähli döwürde-de özüniň diňe bir süýji tagamlylylygy bilen däl, eýsem, dermanlyk häsiýetleri bilen-de adamlary özüne çekip gelipdir. Düzüminde organiki maddalaryň, minerallaryň köp sanlysynyň bardygy erigiň iň bir söýgüli iýmitleriň biri bolup gelmegine sebäp bolupdyr. Erik islendik görnüşde: terligine-de, onuň kişdesi, baly, şiresi-de peýdaly.

Nabat GURBANNYÝAZOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.