Daýhandan hereket, ýerden bereket

4 Iýun 2021
1092

Mälim bolşy ýaly, 2-nji iýunda döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýeriň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda hormatly Prezidentimiz Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynda 4-nji iýunda, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa 11-nji iýunda galla oragyna girişmäge ak pata berdi.

Asylly däbe görä, düýn ýurdumyzyň Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynyň ekin meýdanlarynda hormatly ýaşulularyň «Bismillasy» bilen galla oragyna başlanyldy. Edermen gallaçylarymyzyň yhlasly zähmeti netijesinde, şu ýyl ýurdumyzyň welaýatlarynda bugdaýyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi.

Güljehre KARAÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.