Galla oragyna guramaçylyk bilen

2 Iýun 2021
1082

Welaýatymyzyň daýhanlarynyň bugdaý ekişini geçirip ýörenleri düýn ýalydy. Ynha-da, daýhan kalbyny uly şatlyga besläp, galla oragy ýetip geldi. Daýhan bugdaýyny gününi sanap ösdürip oturandyr, yhlasly zähmetini aýaýan däldir welin, ýylyň başlarynda ýaňy ýerden saýlanyp ugran bugdaýyň birdenem bilboýy ösüp ýeterlik hasyl toplaýança geçen wagtyny köpimiz duýmanam galandyrys. Bugdaýyň «Bäş aýda bir garyş, bir aýda bäş garyş öserin» diýeni rast eken. Welaýatymyzyň edermen babadaýhanlarynyň galla oragyna girişjek günleri ýetip gelýär.

Ýaňy-ýakynda welaýatymyzyň galla meýdanlarynyň köpüsini guwanç bilen synladyk. «Halkymyzyň çöregi bu ýyl hem bol bolar» diýip, dok sümmüllerini şemala yrap oturan bugdaýlary synlap, ýoldaşlarymyz bilen özara pikir alyşdyk. «Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda lebaply daýhanlaryň galla meýdanlarynda ýetişdiren bol hasylyny ýygnamak üçin öňünden göwnejaý taýýarlyk görlendigini welaýat häkimliginiň oba hojalygynda özgertmeler we döwrebap usullary ornaşdyrmak müdirliginiň başlygy Çary Ýoldaşow biziň bilen söhbetdeş bolanynda aýtdy. Onuň aýtmagyna görä, daýhanlarymyzyň çekýän yhlasly zähmetleri ýerine düşýär, milli Liderimiziň daýhanlaryň oba hojalyk ekinlerinden, şol sanda bugdaýdan bol hasyl almaklary üçin berýän kömeklerine bolsa ýer eýeleri ak ýürekden alkyş aýdýarlar. Meýilleşdirilen, ýagny, 130 müň gektar meýdana ekilen bugdaýdan 310 müň tonna hasyly ýygnamak üçin ähli iş we dynç alyş, zähmeti höweslendiriş şertleri döredildi. Galla oragynda däne ýygnaýjy kombaýnlaryň 430-sy ulanylar. Olaryň ählisi hem daşary ýurtlaryň kuwwatly tehnikalarydyr. Muňa garamazdan, täze hasyly ýygnamak işinde ulanyljak tehnikalaryň taýýarlygy birlaý gözden geçirildi. Degişli kärhanalaryň ýolbaşçylary däne ýygnaýjy kombaýnlaryň üstüniň yzygiderli ýetirilip durlandygyny sanlara salgylanyp gürrüň berýärler. Geçen birki ýylda täze gelip gowşan däne ýygnaýjy kombaýnlaryň sany 70-den geçýär. Tehnikalaryň bökdençsiz işledilmegi üçin ýangyç we çalgy ýaglarynyň, ätiýaçlyk şaýlaryň ýeterlik mukdardakysy üpjün edildi. Ýygnalan hasyly harmanlara daşamak üçin ýük awtoulaglarynyň 2150-si ulanylar. Hasyly öz wagtynda daşamakda bökdençlige ýol berilmez.

Ilmyrat ALLABERDIÝEW,
ýörite habarçymyz.