Suw desgasynyň gözegçileriniň tagallasy

31 Maý 2021
969

Bal suwly Garagum derýasyndan ekinzarlyga tarap bölünýän uly ene ýaplaryň sakasynda şaggyldysyny şirin mukama öwrüp suw sazlaýjy gatlalar otyr. Suw desgasynyň gözegçileri öz wezipelerini ussatlarça ýerine ýetirmek bilen Gahryman Arkadagymyzyň Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek baradaky kararyndan ugur alyp, gür baglygy ýetişdirmek üçin hem jan aýaman zähmet çekýärler.

“Garagumderýasuwhojalyk” birleşiginiň 4-nji “Garagumsuwhojalyk” dolanyşygynyň 1-nji suw uçastogynyň başlygy Pena Kakajanowyň ýolbaşçylygynda Garagum derýasynyň 345-nji kilometrliginde ýerleşýän 9-njy, 352-nji kilometrliginde ýerleşýän 10-njy, 356-njy kilometrliginde ýerleşýän 11-nji “Durnaly” gapdal sowgutlarynyň işgärleri Derýageldi Çaryýew, Maksat Zyýabaýew, Meretmyrat Nepesow derýanyň boýuna we suw desgalarynyň töweregine tut, arça ýaly saýalyk, erik, alma, nar, ülje, garaly ýaly miweli baglaryň nahallaryny oturtmak we olara ideg etmek işlerinde ýylyň-ýylyna nusgalyk görelde görkezýärler.