500 tonna pile ugrunda: guwandyryjy netijeler

4 Iýun 2021
884

AK PILÄNIŇ BOL HASYLY
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalygynyň beýleki ugurlarynyň hatarynda, ýüpekçiligi ösdürmek, bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak babatda taýsyz tagallalary oňat netijelerini berýär. Munuň şeýledigini «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Köneürgenç etrabynyň «Akgala» daýhan birleşiginiň ýüpekçileriniň bu ugurda gazanýan üstünlikleri hem aýdyň görkezýär. Has takygy, olar şu möwsümde 261 guty ýaş gurçuklary idetmäge alyp, ak piläniň saldamly hasylyny ýetişdirdiler. Olar kemala getirilen bereketli pile hasylyny ýygnamaga etrapda ilkinjileriň hatarynda girişdiler. Daýhan birleşiginiň ýüpekçileri Mubarak Täjiýewa 6,5 guty gurçukdan 281 kilogram, Rana Ýoldaşewa 6 gutudan 262 kilogram, Kamiljan Ametow 5 guty ýüpek gurçugyndan 224 kilogram, Amangül Öwezowa we Ýoldaş Tahyrow dagynyň her biri 2,5 guty gurçukdan, degişlilikde, 112 we 108 kilogram, şeýle hem Oguljan Bakyýewa 1,5 guty ýüpek gurçugyny idedip, 75 kilogram pile hasylyny ýetişdirip, zähmet üstünliklerini gazandylar. Bu öňdebaryjy daýhan birleşiginiň ýüpekçileri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy baýram edilýän şu ýylda 10 tonna 270 kilogram pile hasylyny döwlet harmanyna tabşyrmagy maksat edinýärler.
Gurbannepes TÄÇMEDOW,
TDP-niň Köneürgenç şäher komitetiniň partiýa guramaçysy.

* * *