Yhlasly zähmetiň miwesi

4 Iýun 2021
1072

Baýramaly etrabynyň «Täze ýol» daýhan birleşiginiň zähmetsöýer oba adamlary ekinleriň dürli görnüşini ösdürip ýetişdirmekde we olaryň islendiginden bol hasyl almakda Mary welaýatynda ussat daýhanlar hökmünde tanalýar. Olar gowaça, bugdaý, gant şugundyryny hem-de gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmekde nusga alarlyk işleri durmuşa geçirýärler.

Daýhan birleşiginiň hasyl ussatlary «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda-da oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak üçin gaýratly zähmet çekýärler. Hojalygyň gallaçylary geçen güýzde 3160 gektar meýdana ak bugdaýyň tohumyny sepip, kadaly gögeriş gazandylar. Olar meýdanlardaky ak ekinlere ideg etmegi ylmyň gazananlaryny daýhançylykda toplanan baý tejribeler bilen utgaşykly alyp baryp, bugdaýyň bol hasylyny gazanmak üçin irginsiz alada edýärler.

Welmuhammet GALANDAROW.
(Öz habarçymyz).