"Adalat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-50, 38-62-75, 38-62-38
Email: adalat-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Germaniýa» formatyndaky ýokary derejeli ikinji duşuşykdaky ÇYKYŞY

(Astana şäheri, 2024-nji ýylyň 17-nji sentýabry) Hormatly jenap Federal Kansler!

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, karar edýärin:

«Merkezi Aziýa — Germaniýa»: ykdysady gatnaşyklaryň ösüşinde täze meýdança

17-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen Astanada geçirilen ikinji duşuşygyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Bilşimiz ýaly, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň we Germaniýanyň Federal Kansleriniň 2023-nji ýylyň sentýabrynda Berlinde geçirilen birinji sammiti «Merkezi Aziýa — Germaniýa» formatyndaky ýakyn gatnaşyklaryň başyny başlady. Şol duşuşykda Merkezi Aziýa ýurtlary parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Germaniýa Federatiw Respublikasy bilen strategik hyzmatdaşlygy ýola goýmaga taýýardyklaryny beýan etdiler. Taryhy duşuşyga türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşypdy.

Kämil şäher — ajap sungat eseri

Milli Liderimiziň ylhamyndan we yhlasyndan binýat bolan Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda meýilleşdirilen işleriň depgini barha artýar. Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde ýerleşýän täze şäherde gurulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalaryň taslamalarynyň taýýarlanylmagyna we gurluşyk işlerine örän jogapkärli çemeleşilip, Gahryman Arkadagymyzyň ýadawsyz aladalarynyň netijesinde has-da rowaçlanýar. Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine nobatdaky iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşmagy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirmegi bu ýerde alnyp barylýan giň gerimli işleriň takyk bolmagyny we öz wagtynda ýerine ýetirilmegini şertlendirýär.

Arkadagly  Gahryman  Serdarymyzyň  beýik  işleri: şöhratly  taryhymyzyň  şanly  sahypalary

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri maddy we ruhy bereketi bilen kalplary joşdurýar. Döwlet Baştutanymyzyň beýik pikirleri, parasatly tagallalary, nusgalyk göreldesi hemmeleri asylly işlere ugrukdyrýar. Halkymyzyň: «Sanasaň sogaby bar» diýen pähimi ýagşylyk getirýän,  bagta eltýän keramatly zatlar babatda aýdylýar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň: «Hak iş etseň Hak biler» diýip nesihat edişi ýaly,  döwlet Baştutanymyzyň beýik işlerini sanamakda hem ykbalymyza, ojagymyza nur-bereket berýän keramat bar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmek dabarasynda öňe süren «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» atly döwlet ideologiýasy parahatçylykly ösüşde täzeçilliklere we netijeli üstünliklere badalga boldy.  Hut şonuň netijesinde hem ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda her günde halkara derejesindäki öňegidişlikleri getirýän tutuş dünýä ähmiýetli üstünlikler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy»  atly eserindäki: «Taryh beýik işler bilen ýazylýar. Taryh halk üçin edilen, halk bilen bilelikde ýerine ýetirilen beýik amallar bilen ýazylýar» diýen çuňňur paýhasa ýugrulan manyly setirlerini hakydaňda janlandyrýar. Şol pursatda halkymyzyň bagty hem sapaly durmuşy hormatly Prezidentimiziň yhlas-alada

Buýsançnama

Oguzkent — Yzgandyň ruhy, tutumlarna medetkärdir,Oguz bilen tanaýarys bu gadymy mekany biz!Merdanalyk, edeplilik emer-damarynda bardyr,Kalby gowy zady görýär, ýüregi-de ýagşa ýardyr,Watan — başlarmyzyň täji, milli mertebe — janymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz — şanymyz!Halkyň milli buýsançlaryn taryhy dördi, idedi,Gahryman Arkadagymyz — türkmeniň Milli Lideri,Asly merdiň — nesli kämil. Kämillik dünýäň küýsegi,Kämillikleň kuýaşyndan bagt nury çogýar didede.

Halk maslahaty: agzybirligiň we jebisligiň binýady

Her bir jemgyýetiň geljege tarap hereketiniň öz aýratynlygy bolýar. Eger döwlet we jemgyýet ösüşiň netijeli ýoluny saýlap bilen bolsa, üstünlikli hereket etmegiň ugur-ýollaryny dogry kesgitlän bolsa, onda halk geljege has ynamly we ünsli garaýar. Çünki adamlar şu günki gazanylan üstünlikleriň has belent derejesine geljekden garaşýarlar. Hut şonuň üçin hem ata-babalarymyzdan miras galan ýaşuly nesle geňeşme däbini halkymyz özüniň jemgyýet we döwlet ösüşiniň esasy aýratynlygy hökmünde saýlap aldy hem-de bu asylly däbe yzygiderli eýerýär. Döwleti dolandyrmakda, jemgyýeti demokratiýalaşdyrmakda ata-babalarymyzyň köpasyrlyk ýörelgelerini tejribä ornaşdyrmakda, olary döwrebaplaşdyrmakda we bar bolan mümkinçilikleri ulanmak arkaly kämilleşdirmekde halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy — Halk Maslahaty aýratyn ähmiýete eýedir. Halk Maslahaty jemgyýeti dolandyrmagyň iň bir gadymy institutlarynyň biri bolup, döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygyny beýan edýär. Halkymyz gadymy döwürlerden bäri ygtyýarly jemgyýetçilik wekilleri bilen ählihalk ýygnaklaryny geçirip, wajyp syýasy-ykdysady, harby meseleleri çözmekde olaryň parasatly maslahatlaryna ýokary baha beripdirler. Ylmy-nazary garaýyşlar hem-de taryhy tejribe halkyň wekilleriniň pikir alyşmagynyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy ösüşe oňyn täsir edýändigini tassyklaýar. Halkymyzyň taryhy hakydasynd

Eneler — dünýämiziň görki

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda türkmen zenanlarynyň mertebesi belent tutulyp, olaryň zähmet ukyplaryny doly derejede açmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Türkmenistanyň zenanlary ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda yhlasly zähmet çekýärler. Olaryň arasynda başarjaň ýolbaşçylar, alymlar, mugallymlardyr lukmanlar, telekeçiler, syýasatçylar hem-de diplomatlar bar. Ýöne olar, ilkinji nobatda, aladaçyl enelerdir, wepaly ýanýoldaşlardyr, mähirli uýalar we gyzlardyr, maşgala ojaklarynyň eli çeper eýeleridir. Ýurdumyzda enäniň we çaganyň saglygyny goramak üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Zenanlaryň abadan ýaşaýşyny üpjün edýän ýeňillikler bolsa yzygiderli kämilleşdirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda bu barada gymmatly maglumatlar getirilýär. Dürli rowaýatlardyr tymsallaryň üsti bilen zenan mukaddesligi açylýar.

Bir suprada jem bolup

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda döwlet Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahaty geçirildi. Dünýä türkmenlerini bir supranyň başyna has-da jebisleşdirmekde, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolan bu gurama 1991-nji ýyldan bäri hereket edýär. Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda daşary ýurtlaryň 14-sinde, hususan-da, Russiýa Federasiýasynda, Beýik Britaniýada, Germaniýa Federatiw Respublikasynda, Şwesiýada, Ukrainada, Owganystanda, Birleşen Arap Emirliklerinde, Saud Arabystany Patyşalygynda, Pakistan Yslam Respublikasynda, Türkiýede, Özbegistanda, Gazagystanda, Gyrgyz Respublikasynda we Täjigistanda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň 27 sany bölümi işleýär. Türkmenistanda geçirilýän maslahatyň işine daşary ýurtlaryň birnäçesinde kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri hem-de Diýarymyzyň ähli sebitleriniň wekiliýetleri uly höwes bilen gatnaşýarlar. Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirilen maslahatda birleşigiň agzalary Hormat hatlary bilen sylaglandy. Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahatynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edildi. Oňa gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzy Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy bilen gu

Ýaş gözegçiler bäsleşdiler

Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasatyndan gözbaş alyp, indi asylly däbe öwrülen, ýurdumyzda her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň süňňündäki çäreler toplumy hem hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň aýdyşy ýaly, döwletimiziň adam hakyndaky aladalarynyň aýdyň netijeleriniň biridir. Milli Liderimiz «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» atly kitabynda: «Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy bu ulgamyň iň iri düzüm bölegi bolup durýar. Bu gullugyň işiniň barşynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde geçirilýän çäreleriň ähmiýetlidigi aýratyn bellenilmelidir. Onuň dowamynda ýol hereketine gatnaşyjylaryň her biriniň onuň howpsuzlygy üçin şahsy jogapkärçiligine düşünmegine degişli maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Munuň özi ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça amala aşyrylýan işleriň aýdyň miwesidir» diýip, örän dogry belleýär.

Oba hojalygy ösdürmegiň hukuk esaslary

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda obasenagat toplumy yzygiderli ösdürilýär. Tebigy serişdeleri tygşytly peýdalanmak bilen, oba hojalyk önümleriniň möçberleriniň artdyrylmagyna gönükdirilen işleriň netijeliligine aýratyn üns berilýär. Pudagyň gurluşynyň köpugurly giňeldilmegi, maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagy, agrar gatnaşyklarynyň kämilleşdirilmegi ugrunda örän ähmiýetli maksatnamalar we anyk çözgütler kabul edilýär. Oba hojalygynyň ählitaraplaýyn özgerdilmegine, ýer eýeleriniň zähmet, durmuş-ykdysady taýdan goldanylmagyna we höweslendirilmegine aýratyn üns berilýär. Ýer eýelerini kuwwatly tehnikalar, ýokary hilli tohumlar we mineral dökünler bilen bökdençsiz üpjün etmek, zähmet şertleriniň hem-de durmuş hal-ýagdaýlarynyň has-da gowulandyrylmagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 17-nji sentýabrynda geçiren iş maslahatynda pagta ýygymy möwsüminde ýetişdirilen hasyly gysga möhletde, ýitgisiz ýygnap almak meselesiniň ara alnyp maslahatlaşylmagy hem munuň aýdyň mysalydyr. Maslahatda ýygnalan hasyly kabul ediş harmanhanalarynda, pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul etmek, kombaýnlary, hasyly daşamakda ulanylýan awtoulaglary netijeli işletmek üçin zerur çäreler görülýändigi bellenilip geçildi.

Döwre buýsanç — zähmete hyjuw

Durdymyrat SAPARMYRADOW,Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň kazyýeti, kazynyň kömekçisi: — Milli ykdysadyýetiň iň möhüm pudaklarynyň biri bolan oba hojalygyny ösdürmek hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan toplumlaýyn özgertmeleriniň ileri tutulýan ugrudyr. Ýerli daýhanlar üçin giň mümkinçilikleri döretmek bilen birlikde, tohumçylyk-seçgiçilik ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge-de uly üns berilýär. Ýakynda paýtagtymyzda GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň nobatdaky geňeşiniň geçirilmegi hem munuň aýdyň mysalydyr. Halkara çäräniň geçirilýän günlerinde Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag däneçilik institutynda güýzlük bugdaýyň täze görnüşleriniň döredilip, olaryň «Serdar», «Arkadag», «Pyragy» diýlip atlandyrylmagy özboluşly many-mazmuna eýe boldy. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk pudagynda tohumçylyk-seçgiçilik işini kämilleşdirmek boýunça berýän tabşyryklarynyň üstünlikli ýerine ýetirilýändiginiň güwäsidir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürip, halkymyzy ýokary hilli we ekologiýa taýdan arassa azyk önümleri bilen üpjün etmek ugrundaky işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin.

Şygryýet bossany

Arkadag At-abraýy alyslara,Aşar adyň asyrlara,Aýdylýandyr aýdymlarda,Alkyş adyňa, Arkadag!

Äleme ýagşylyk ýaýan akyldar

Elmydama ýagşylara ýaran bolýan, olaryň ýagşy işlerini dünýä ýaýýan Magtymguly Pyragy özüniň «Sil biläni» atly şygrynda: Hak bendesi Haka çapar,Ýaman öz pälinden tapar —

Miwelerde melhem bar

Lukmanlar üljäniň ynsan saglygy üçin peýdasynyň örän uludygyny nygtaýarlar. Miwe we miwe önümlerini yzygiderli iýmek bilen ýürek, gan-damar, aşgazan, içege, kelle-beýni keselleriniň öňüni almak mümkin. Türkmen topragynyň sahawatlylyk bilen eçilýän saglyga peýdaly nygmatlarynyň arasynda ülje esasy orunda durýar. Turşumtyk, süýji tagamly bu miwe, esasan, şekere, B1, B2, P, PP, C, E witaminlerine, karotine, foliý turşusyna, pektin maddalaryna, şeýle-de mineral duzlardan marganes, kaliý, mis, demir, kalsiý we ýod ýaly mikroelementlere örän baýdyr. Ülje ganazlykda örän peýdalydyr. Bu miwäniň nerw ulgamyna, ýürek kesellerine hem haýry uludyr. Üljäniň miweleri we ondan alnan şire dowamly iç gatamada iç sürüji serişde hökmünde, üşütmede, bedeniň gyzgynlygy ýokarlananda, dem alyş ýollarynyň sowuklamasynda giňden peýdalanylýar. Ülje bedeniň kesellere garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrýar. Onuň ýapragynda köp mukdarda askorbin turşusy bar. Şonuň üçin ysgynsyzlykda, işdäsizlikde, witamin ýetmezçiliginde, beden gowşaklygynda ülje ýapragyndan demlenen çaýy içmek maslahat berilýär. Ülje kosmetologiýada hem giňden ulanylýar. Ondan taýýarlanylan ýapgylar deriniň tiz garramagynyň öňüni alýar, reňkini durlaýar we agardýar, ownuk ýygyrtlary aýyrýar.

Bag ekmek — sogap

Agaç nahallaryny oturtmak ata-babalarymyzdan miras galan däpleriň biridir. Hormatly Prezidentimiziň kabul eden Milli tokaý maksatnamasyna laýyklykda, gorag zolaklar döredilende pürli, saýaly, miweli, üzüm, tut nahallary köp ekilýär. Sebäbi olar howadaky zyýanly gazlara durnukly bolup, awtomobillerden, senagat kärhanalaryndan emele gelen tozany özüne siňdirýär. Daş-töweregi gurşap alan tebigaty, onuň baýlyklaryny goramak, aýawly saklamak, tygşytly peýdalanmak we ony nesillere geçirmek ekologiýa syýasatynyň esasy özenidir. Baglaryň daş-töweregine, ýollaryň gyrasyna, saýaly agaçlaryň arasyna, köçeleriň çatryklaryndaky meýdançalaryň, kärhanalaryň, edaralaryň, okuw mekdepleriniň, çagalar baglarynyň, hassahanalaryň, saglygy goraýyş edaralarynyň, myhmanhanalaryň öňlerine bezeg beriji agaçlary we gülleri ekmegiň örän uly ähmiýeti bardyr.

Maliýe hukugy

Barha ösýän döwrümizde ykdysadyýetimiziň sanly ulgama geçmegi, halk hojalygynyň pudaklaryna täzeçil tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy maliýe babatda-da işjeňligi artdyrýar. Munuň özi halkyň maliýe sowatlylygynyň ýokarlanmagyny hem zerurlyk hökmünde orta çykarýar. Şu nukdaýnazardan maliýe hukugy barada gysgaça düşünje bermegi makul bildik. Maliýe hukugy — bu döwlet maliýesiniň emele gelmegi, bölünişi we ulanylyşy bilen baglanyşykly gatnaşyklary düzgünleşdirýän hukuk kadalarynyň jemidir. Ol biziň durmuşymyzyň ähli taraplaryna, salgyt tölemekden başlap, döwlet hyzmatlaryny almak ýaly meselelere täsir edýär.  Maliýe hukugy döwlet edaralary, banklar we beýleki maliýe guramalary bilen aragatnaşykda öz hukuklaryny goramaga mümkinçilik berýär. 

Ot hakynda

Häzirki döwürde ylmyň ösmegi bilen, döwrebap tilsimat usullary arkaly önümçiliklerde, gurluşyklarda, durmuşymyzda täze önümleriň, serişdeleriň öndürilmegi barha artdyrylýar. Önümçilikde tebigydyr emeli gazlar, nebitdir nebit önümleri giňden ulanylýar.  Durmuşda ulanylýan himiýa serişdeleriniň düzüminde şeýle ýangyn howply  kömürturşy gazynyň bardygyny diňe çagalar däl, eýsem, ulular hem känbir göz öňüne getirip bilmeýärler. «Ot astynda bela galmaz» diýen atalar sözüniň çuň manysy bar. Çünki irki döwürlerde dürli ýokanç keselleriň döremeginiň we ýaýramagynyň öňüni almakda, ylmyň häzirki ösen döwründäki ýaly dürli-dürli zyýansyzlandyryjy serişdeleriň deregine, otdan we üzärlik tüssesinden giňden peýdalanypdyrlar. Hatda halk lukmançylygynda-da otdan peýdalanylyp, käbir keselleriň bejerilendigini mälim edýän taryhy çeşmelere gabat gelmek bolýar. Türkmenler adamyň düýşünde ot görmegini hem «Ot — oraz» diýip, gowulyga ýorupdyrlar. Bu atalar sözündäki «oraz» sözi «bagt» diýen manyny aňladypdyr. Ata-babalarymyz göze görner-görünmez belalaryň içinde aýratyn gorkulysy ot belasy, suw belasy, töhmet belasy diýip hasap edipdirler. Ot belasy haýwany-ynsany, ýagşyny-ýamany seljermän, küle öwürýär. Ynsana berlen eşretleriň ählisinden hem dogry peýdalanylmasa, olaryň hözir bermäge derek, betbagtçylyga eltjekdigi ikuçsuzdyr.

Maksatlar — aýdyň, işler — anyk, netijesi — abadan durmuş

Döwlet Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň bellenilýän günlerinde   Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň, ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahatyň hem-de ugurdaş sergileriň geçirilmegi, energetika, ulag-kommunikasiýa, logistika desgalarynyň işe girizilmegi hem-de gurluşygyna badalga berilmegi Bitarap Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň ýolunda örän ynamly gadamlar bilen barýandygyny äleme äşgär etdi. Diňe bir sebitiň däl, dünýä döwletleriniň ykdysady ösüşine, halklarynyň medeni ýaşaýyş-durmuşyna oňyn täsirlerini ýetirjek bu döwletli işler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzyň şan-şöhratyny has-da belende göteren wakalar bolup taryhyň gatyndan şugla saçar. Döwletiň ykdysady kuwwaty — ilatyň durmuş abadançylygy

Arkadag taglymaty — sport diplomatiýasyň binýady

Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň 8-nji sentýabrynda Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde iş saparynda boldy. Saparyň dowamynda Milli Liderimiz bilen dostlukly ýurduň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda ýokary derejede türkmen-gazak gepleşikleri geçirildi. Duşuşykda ynanyşmak, deňhukuklylyk, özara bähbitleri nazara almak bilen ýola goýulýan köpugurly döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy. Türkmenistanda bedenterbiýäniň we köpçülikleýin sportuň aýratyn üns merkezinde saklanylmagy bu ulgamyň ilatyň sagdyn durmuşda ýaşamagyny üpjün etmegiň, hemmetaraplaýyn kämil şahsyýeti terbiýeläp ýetişdirmegiň, zyýanly endikleriň öňüni almagyň we olara garşy göreşmegiň ygtybarly usuly hökmünde öňe sürülmegi bilen berk baglanyşyklydyr. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adam, onuň saglygy barada döwlet derejesinde netijeli işler alnyp barylýar.