Eneler — dünýämiziň görki

19 Sentýabr 2024
553

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda türkmen zenanlarynyň mertebesi belent tutulyp, olaryň zähmet ukyplaryny doly derejede açmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Türkmenistanyň zenanlary ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda yhlasly zähmet çekýärler. Olaryň arasynda başarjaň ýolbaşçylar, alymlar, mugallymlardyr lukmanlar, telekeçiler, syýasatçylar hem-de diplomatlar bar. Ýöne olar, ilkinji nobatda, aladaçyl enelerdir, wepaly ýanýoldaşlardyr, mähirli uýalar we gyzlardyr, maşgala ojaklarynyň eli çeper eýeleridir.

Ýurdumyzda enäniň we çaganyň saglygyny goramak üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Zenanlaryň abadan ýaşaýşyny üpjün edýän ýeňillikler bolsa yzygiderli kämilleşdirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda bu barada gymmatly maglumatlar getirilýär. Dürli rowaýatlardyr tymsallaryň üsti bilen zenan mukaddesligi açylýar.

Oguljemal GARLYÝEWA,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň Aşgabat şäher müdirliginiň Bagtyýarlyk etrap bölüminiň döwlet bellige alyjysy, 1-nji derejeli ýurist.