Döwlet Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň, ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahatyň hem-de ugurdaş sergileriň geçirilmegi, energetika, ulag-kommunikasiýa, logistika desgalarynyň işe girizilmegi hem-de gurluşygyna badalga berilmegi Bitarap Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň ýolunda örän ynamly gadamlar bilen barýandygyny äleme äşgär etdi. Diňe bir sebitiň däl, dünýä döwletleriniň ykdysady ösüşine, halklarynyň medeni ýaşaýyş-durmuşyna oňyn täsirlerini ýetirjek bu döwletli işler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzyň şan-şöhratyny has-da belende göteren wakalar bolup taryhyň gatyndan şugla saçar.
Döwletiň ykdysady kuwwaty — ilatyň durmuş abadançylygy