«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda döwlet Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahaty geçirildi. Dünýä türkmenlerini bir supranyň başyna has-da jebisleşdirmekde, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolan bu gurama 1991-nji ýyldan bäri hereket edýär. Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda daşary ýurtlaryň 14-sinde, hususan-da, Russiýa Federasiýasynda, Beýik Britaniýada, Germaniýa Federatiw Respublikasynda, Şwesiýada, Ukrainada, Owganystanda, Birleşen Arap Emirliklerinde, Saud Arabystany Patyşalygynda, Pakistan Yslam Respublikasynda, Türkiýede, Özbegistanda, Gazagystanda, Gyrgyz Respublikasynda we Täjigistanda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň 27 sany bölümi işleýär.
Türkmenistanda geçirilýän maslahatyň işine daşary ýurtlaryň birnäçesinde kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri hem-de Diýarymyzyň ähli sebitleriniň wekiliýetleri uly höwes bilen gatnaşýarlar. Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirilen maslahatda birleşigiň agzalary Hormat hatlary bilen sylaglandy. Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahatynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edildi. Oňa gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzy Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy bilen gutlap, Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň we halkara abraýynyň pugtalandyrylmagynyň, milletimiziň ruhy taýdan galkynmagynyň hatyrasyna alyp barýan taýsyz tagallalary hem-de daşary ýurtlarda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň alyp barýan işlerine ägirt uly üns berýändigi üçin çuňňur hoşallyk bildirdiler.