"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Wepadarlygyň nusgasy

Türkmen alabaýlary ahalteke atlary, türkmen halysy, şaý-seplerimiz ýaly halkymyzyň milli gymmatlygy hasaplanýar. Alabaýlar eýesine wepalylygy, duýgurlygy, akyllylygy, gaýduwsyzlygy bilen tapawutlanýar. Gahryman Arkadagymyz «Türkmen alabaýy» atly kitabynda alabaý itleriniň halkymyzyň wepaly hemrasy bolmak bilen birlikde goragçysy, dosty, ýoldaşy bolup, nusgalyk görelde görkezendigini belläp geçýär. «It geldi — gut geldi» diýlip aýdylan ajaýyp jümle bar. Halkymyz durmuşynda möhüm orun eýelän türkmen alabaýlaryny ýetişdirmegi bagt bilipdir. Tebigatyň peşgeşi bolan wepalylygyň nusgasy hasaplanýan alabaýlara hemişe ýokary baha berlipdir.

It — ýakyn dost

Gazan kelle, läheň göwre, aýy penje, şir ýürek alamatlary bilen dünýä meşhur itler alabaýlardyr. Bu tohumyň şeýle häsiýetnama eýe bolanyna müňlerçe ýyl geçen-de bolsa, henize çenli hem olaryň şol asyl durkuny saklap galmagyna türkmen itşynaslary özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Şonuň üçinem alabaýlar parasatly halkymyzyň paýhasyndan, dynuwsyz zähmetinden dörän dünýä gymmatlyklarynyň hatarynda durýan baýlyklarymyzyň biridir. Alabaýlaryň örän gadymylygyna Kaka etrabyndaky Altyndepede arheologik gazuw-agtaryş işleri geçirilende tapylan, bürünç döwrüne degişli itiň palçykdan ýasalan şekilleri şaýatlyk edýär. Gulaklarynyň kelte, guýruklarynyň kesik bolmagy olara häzirkizaman türkmen goýun itleriniň gadymy ata--babalarynyň şekiliniň subutnamasydyr diýmäge esas berýär. Birnäçe asyrlaryň dowamynda türkmen çarwalary sakçy itleriň, ýagny, goýun itleriniň hem-de çalasyndan algyr aw tazylarynyň ajaýyp tohumlaryny kemala getiripdirler.

Gözelligiň baýramy

Parasatly Prezidentimiziň taýsyz hemaýat-goldawlary bilen dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülen türkmen itşynaslyk sungatyny ösdürmekde nusgalyk işler durmuşa geçirilýär. Şu ýylyň 21-nji aprelinde geçirilen Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň mejlisi agzybir halkymyzy buýsanja besledi. Onuň düzümine täze agzalaryň kabul edilmegi ýurdumyzyň tapawutlanan atşynaslaryna we itşynaslaryna döwlet sylaglarynyň gowşurylmagy hem-de öňde durýan wezipeleriň ara alnyp maslahatlaşylyp, degişli çözgütleriň kabul edilmegi milli Liderimiziň durmuşa geçirýän beýik özgertmeleriniň ählihalk goldawyna we buýsanjyna öwrülýändigini görkezdi. Milli buýsanjymyz, Watanymyzyň baýlygy bolan Türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny beýgeltmekde beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza ähli halkymyz bilen birlikde egsilmez alkyşlarymyzy aýdýarys.

Onlaýn hyzmatlary ýola goýuldy

Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň resmi internet web-saýtynyň açylmagy hem-de onda gulluk tarapyndan berilýän birnäçe hukuk hyzmatlaryny almak üçin internetiň üsti bilen onlaýn görnüşde sargytlary etmek mümkinçiliginiň döredilmegi bellenilmäge mynasyp täzelikdir. Bu sanly mümkinçilikden peýdalanmak arkaly şahslar özleriniň gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryny döwlet sanawynda döwlet tarapyndan bellige aldyrmaklyk üçin gullugyň Aşgabat şäherinde hem-de welaýatlarda ýerleşýän ýerli edaralaryna onlaýn görnüşde nobata durup bilerler. Şeýle-de gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň döwlet sanawyndan bellige alyş işleri bilen bagly maglumatlary göçürme hem-de kepilnama görnüşde almak üçin onlaýn sargytlary edip bilerler.

Täsirli maslahat

Ýakynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Bäherden etrap komitetiniň guramagynda etrapdaky 30-njy orta mekdebiň mejlisler jaýynda bilim ulgamyna degişli ilkinji partiýa guramalarynyň başlyklarynyň gatnaşmagynda maslahat geçirildi. Maslahaty Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komitetiniň başlygy Rahmanberdi Annalyýew açyp, täze taryhy döwründäki beýik ösüşdir özgertmelerini, dürli ugurlarda gazanýan üstünliklerini we ýetýän sepgitlerini ildeşlerimiziň arasynda wagyz-nesihat etmekde partiýa işgärleriniň hem-de işjeňleriniň orny dogrusynda täsirli gürrüň berdi.

Kämilligiň çägi ýok (Hytaý tymsaly)

Ir wagtlarda akyldar syýahat edip ýörşüne birgiden suratkeşiň ýygnanan ýerine barypdyr. Ol ýerde ýurduň iň ussat suratkeşleri özara bäsleşýän ekenler. Olaryň çeken suratlary biri-birinden gözel bolansoň, eminler kimi ýeňiji etjekdiklerini bilmän kösenipdirler. Olar gowusyndan gowusyny saýlap, ahyry iki sany suratkeşi öňe çykarypdyrlar. Şu ýerde eminleriň pikirleri çapraz gelipdir. Olaryň ýarysy birinji suratkeşi, ýarysy bolsa ikinjini ýeňiji etmeli diýen netijä gelipdirler. Jedel uzak wagtlap dowam edipdir. Olar ýeňijini kesgitlär ýaly hiç bir suratdan kemçilik tapyp bilmändirler. Ahyry hälki akyldar märekäniň arasyndan öňe çykypdyr-da, olara öz kömegini hödürläpdir. Meseläniň çözüljekdigine begenen eminler razy bolupdyrlar. Akyldar suratlary içgin synlanyndan soň, olara garap:

Körpelere okap beriň!

Garlawaç Howa maýlan badyna,Uçup geldi garlawaç.Uzak-uzak ýollaryGeçip geldi garlawaç.

Baýramçylyk mynasybetli

Babadaýhan etrap Medeniýet bölüminde Türkmen bedewiniň milli baýramy we Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli okyjylar bilen duşuşyk geçirildi. Etrap merkezi kitaphanasy, TDP-niň etrap komiteti hem-de K.Geldimyradow adyndaky çagalar sungat mekdebi tarapyndan guralan duşuşyga kitaphananyň köp sanly okyjylary gatnaşdy. Duşuşyga gatnaşanlar Türkmen bedewiniň owadanlygy, ýyndamlygy dessanlarymyzda, nusgawy şahyrlarymyzyň döredijiliginde, häzirki zaman ýazyjy-şahyrlarymyzyň eserlerinde örän uly orun eýeleýändigi dogrusynda aýratyn durup geçdiler.

Surat bäsleşigi

Babadaýhan etrap bilim bölümi hem-de Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşi tarapyndan okuwçy ýaşlaryň arasynda yglan edilen surat bäsleşiginiň jemi jemlendi. Türkmen bedewiniň milli baýramyna we Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanan bäsleşige şekillendiriş sungatyna höwesli ýaşlaryň onlarçasy öz işlerini hödürlediler. Bäsleşigiň jemini jemlemek we ýeňijilerini sylaglamak mynasybetli etrapdaky 19-njy orta mekdepde geçirilen dabaranyň çäginde ýaş suratkeşleriň sergisiniň guralmagy bu çärä baý many goşdy. Okuwçy ýaşlar we mekdep mugallymlary sergini uly höwes bilen synladylar. Gözellikde we ýyndamlykda deňi-taýy bolmadyk gamyşgulak bedewleriň gözelligi, türkmen alabaýynyň gaýduwsyzlygy, mertligi ýaşlaryň bäsleşige hödürlän we serginiň bezegine öwrülen işlerinde öz beýanyny tapdy.

Sagdyn nesil — röwşen geljegimiz

Şeýle at bilen Babadaýhan etrabyndaky orta mekdeplerde ýörite meýilnama esasynda wagyz-nesihat duşuşyklary geçirilýär. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň, Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşiniň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikdäki meýilnamasy esasynda şeýle duşuşyklar etrapdaky 11-nji, 12-nji, 17-nji, 19-njy, 20-nji orta mekdeplerde geçirilip, olara okuwçy ýaşlar işjeň gatnaşdy. Ýaşlary sport-sagaldyş hereketlerine giňden çekmek, olaryň berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmegini gazanmak maksady bilen geçirilen duşuşyklarda çykyşlara uly orun berildi. Tejribeli bilim işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri öz çykyşlarynda jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar bolmagy ugrunda edilýän taýsyz tagallalar barada ýaşlara gürrüň berdiler, ýaramaz endiklerden daşda durmak, sport bilen yzygiderli meşgullanmak bilen bagly öwüt-ündewlerini aýtdylar. Sagdyn iýmitlenmek, jemgyýetçilik ýerlerinde agyz-burun örtüklerini ulanmak, iki metr howpsuz araçägi saklamak, arassaçylygyň talaplaryny berjaý etmek boýunça degerli maslahatlaryň berilmegi duşuşyklaryň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Şahyryň sarpasy

Ýakynda Ahal welaýat kitaphanasynyň Syýasy jemgyýetçilik edebiýaty bölüminiň guramagynda şahyr Şaly Kekilowyň doglan gününiň 115 ýyllygyna bagyşlanyp «Frontçy şahyr» ady bilen duşuşyk geçirildi. Oňa kitaphananyň ýaş okyjylary gatnaşdy. Kitaphananyň giň okalga zalynda geçirilen duşuşykda şahyryň ömür-döredijiligi barada täsirli söhbet açyldy. Kitaphana işgärleriniň täzeçilligiň, ruhubelentligiň, watanperwerligiň, ynsan mertebesiniň waspçysy, ölmez-ýitmez eserleri bilen türkmen edebiýatynda öçmejek yz galdyran Şaly Kekilowyň edebi mirasynyň gadyr-gymmaty hakynda aýdanlary gyzyklanma bilen diňlendi. Çykyş edenleriň Watanyň azatlygy ugrunda duşmanyň garşysyna atgyr ýaragy we ötgür sözi bilen göreşen tanymal şahyryň ýiti galamyndan çykan şygyrlarynyň terbiýeçilik ähmiýetiniň uludygy barada aýdanlary uly täsirleri galdyrdy.

Ýürekden çykan buýsançly sözler

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň, paýtagtymyz Aşgabadyň döredilmeginiň 140 ýyllygynyň giňden toýlanylmagy bilen hakydalarda hemişelik galjak «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly döwletimiziň taryhyna altyn harplar bilen ýazylýan beýleki wakalara hem diýseň baýdyr. 14-nji aprelde geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň täze palatasynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisi we iki palatasynyň birinji bilelikdäki mejlisi, Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlyklygyna saýlanylmagy hem şolaryň hataryny artdyrdy. Ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyndaky bu taryhy waka gatnaşan ildeşlerimiz öz ýürek buýsançlaryny şeýle beýan edýärler.        Gahryman Arkadagymyzyň peşgeş beren ajaýyp zamanasynda ýaşamak, işlemek, eziz Diýarymyzda bolup geçýän taryhy wakalara şaýat bolmak bagtynyň miýesser edýänligi üçin kalbymyz elmydama begençden, buýsançdan doly. Gözel paýtagtymyz Aşgabatda ýakynda geçirilen taryhy çärelere — Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň täze palatasynyň, ýagny Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisine hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palatasynyň birinji bilelikdäki mejlisine gatnaşmaklygymam şol begenjimi, buýsanjymy has-da artdyran wakalar boldy.

Demokratik özgertmeleriň aýdyň ýoly bilen

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň, gözel paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllygynyň uly dabaralara beslenýän ýyly bolan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly taryhy wakalary bilen ajaýyp döwrümize buýsanjymyzy artdyrýar. Bu ýylyň her bir güni hoş habarlardan, täzeliklerden hem-de ösüşlerden doly. Hormatly Prezidentimiziň ýiti paýhasy hem öňdengörüjiligi bilen kabul edilen maksatnamalar, badalga berlen özgertmeler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak, döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, raýat jemgyýetini gurmak babatdaky tutumly işleriň amala aşyrylmagyna oňyn şertleri döredýär. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň täze palatasynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisiniň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palatasynyň bilelikdäki mejlisiniň geçirilmegi taryhy ýylyň ähmiýetini, many-mazmunyny artdyrdy diýip, uly buýsanç bilen aýdasymyz gelýär. Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyçlary bilen konstitusion özgertmeler durmuşa geçirilip başlandy. Bu özgertmelerde demokratik ýörelgeleri pugtalandyrmak, ösdürmek we jemgyýetimize ornaşdyrmak, raýat jemgyýetini gurmak, kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaralar ulgamyny kämilleşdirmek boýunça işler öz beýanyny tapýar. Geçen ýylyň  25-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar

Türkmen alabaýy

Görkün görseň gözüň ganar, gahry gelse şir demlidir,Gaba kelle, kelte aýak, ýasy döş, giň gerdenlidir,Howalasyn arşdan alan, agraslygy ýerdenmidir?!Edermendir, edenlidir merdem türkmen alabaýy. Wepalydyr öý-ojaga, iýen duzun haklar mydam,Tumşugyça bir nan berseň, öýüň aman saklar mydam,Janly-jandarlar içinde şondan ýakyn dost barmykan?!Syrdaşdyr adam ogluna her dem türkmen alabaýy.

Milli kanunçylyk kämilleşýär

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde beýik maksatly tutumlar üstünlikli durmuşa geçirilýär hem-de ýurdumyzyň hukuk binýadyny has-da berkitmek, halkymyzyň kanuny goraglylygyny pugtalandyrmak işlerine uly üns berilýär. Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde kabul edilýän ähli kanunlar halkara ynsanperwerlik ýörelgelerini, adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň eldegrilmesizligini üpjün edýär. Häzirki wagtda il-ýurt bähbitli täze kanunlaryň kabul edilmegi, döwletimizde milli kanunçylygymyzy has-da kämilleşdirmekde, döwrebaplaşdyrmakda amala aşyrylýan işler, Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurdaky döwlet syýasaty halkymyzyň durmuş şertleriniň belent derejelere göterilmegine, adalatly, sagdyn jemgyýetiň berkarar bolmagyna gönükdirilendir. Kämil hem döwrebap kanunlar milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ajaýyp taglymatynyň dabaralanýandygyny subut edýär.

SURATKEŞ HEM SURATLAR HAKDA SÖHBET

Şahsy arhiwimdäki suratlaryň arasynda mundan on bäş ýyl ozalky bir  wakany ýatladyp duran bäş-alty sany fotosurat bar. Olary Dörtguly Myratgulyýew surata düşüripdir. Waka bolsa Balkanabat şäherinde ýaşaýan suratkeş Amangeldi Hydyrowyň 2006-njy ýylyň 24-nji martynda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň sergi zalynda guralan sergisi bilen baglanyşykly. Şol serginiň çäklerinde onuň ogly Döwran Hydyrowyň eserleri-de görkezilipdi. Serginiň açylyş dabarasynda çykyş edenleriň kimlerdigi anyk ýadymda galmasa-da, gowudan-gowy sözleriň aýdylandygy, suratkeşiň hoşgylawlygynyň magtalandygy hakydamda. Adamlaryň sanynyň sergi tamamlanýança egsilmändigi welin, häli--häzir hem göz öňümden gidenok.

Eti-de derman ýagy-da

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň il-ulus üçin edýän ýadawsyz aladasy netijesinde ähli söwda nokatlarynda malyň et-ýaglarynyň, ösümliklerden alynýan ýaglaryň onlarça görnüşi bar. Ol azyk önümlerinden ilatyň göwün isleglerine görä haýyrlanmaga doly mümkinçiligi, maddy hal-ýagdaýy bar. Hawa, şeýle dokçulykda, elpe-şelpelikde ýaşap ýörseler-de, telim aýlap bakan baggoýnuny gapysynda şatlyk bilen soýup, onuň semiz läşini böwre çekmek çarwalaryň ýetip bilmeýän telwasydyr. Baggoýunlary ýerinden göterip galdyrar ýaly derejede semretmek adam saýlaýan pişedir. Olary semretmegiň tilsimleriniň özeni ýatagyny, kümesini arassa, ýyly, sergin saklamak bilen birlikde, otuny, iýmini, suwuny irmän-ýadaman, unutman, wagtly-wagtynda berip durmakdan ybaratdyr. Her bir işde bolşy kimin, obamyzda-da baggoýun bakmagyň adygan ussatlary bolardy. Gylyçmämmet aga, Malak aga, Nazar aga, Hajynur aga, Pişek aga zeýilli gojalaryň bakan goýunlaryna göreniň gözi giderdi.

Milli gymmatlyklar nesillere ýol-ýörelgedir

Düýn paýtagtymyzda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkeziniň açylyş dabarasy boldy hem-de Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň nobatdaky mejlisi geçirildi Merkeziň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Aşgabat şäheriniň häkimi, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.

Bulutlardaky ýol

Argentinanyň egrem-bugram, çylşyrymly demir ýoly şeýle atlandyrylýar. Onuň gurluşygyna 30 ýyla golaý wagt sarp edildi. Bu desganyň geňligi onuň iň ýokarky böleginiň deňiz derejesinden 4200 metr belentlikde ýerleşýänligidir. Demir ýol 21 sany ötelgäniň, 29 sany köpriniň, hatda  derýanyň emele getiren çuň hanasynyň üstünden hem geçýär. Mundan başga-da, öwrümleriň, ýapgytlaryň, kötelleriň ençemesi bar. Demir ýoluň uzynlygy 217 kilometrdir. Ol, ilki bilen, ýoluň ugrunda ýerleşýän ilatly nokatlar üçin niýetlenen bolsa-da, soňlugy bilen syýahatçylary hem özüne çekip başlaýar. Otluda barýarkaň, bulutlary böwsüp geçýärsiň. Şeýle duýgular bilen dünýä jahankeşdeleri demir ýol arkaly tebigat gözelliklerini synlap bilýärler. Häzirki wagtda bu demir ýolda 10 wagonly 640 ýolagçy orunlyk otly sagatda 35 kilometr tizlik bilen gatnawyny dowam etdirýär.

It hakynda pähimler

Är dogan ýerini küýsär, it — doýan ýerini. *  *  *