Wepadarlygyň nusgasy

23 Aprel 2021
1127

Türkmen alabaýlary ahalteke atlary, türkmen halysy, şaý-seplerimiz ýaly halkymyzyň milli gymmatlygy hasaplanýar. Alabaýlar eýesine wepalylygy, duýgurlygy, akyllylygy, gaýduwsyzlygy bilen tapawutlanýar.

Gahryman Arkadagymyz «Türkmen alabaýy» atly kitabynda alabaý itleriniň halkymyzyň wepaly hemrasy bolmak bilen birlikde goragçysy, dosty, ýoldaşy bolup, nusgalyk görelde görkezendigini belläp geçýär. «It geldi — gut geldi» diýlip aýdylan ajaýyp jümle bar. Halkymyz durmuşynda möhüm orun eýelän türkmen alabaýlaryny ýetişdirmegi bagt bilipdir. Tebigatyň peşgeşi bolan wepalylygyň nusgasy hasaplanýan alabaýlara hemişe ýokary baha berlipdir.