Kämilligiň çägi ýok (Hytaý tymsaly)

22 Aprel 2021
935

Ir wagtlarda akyldar syýahat edip ýörşüne birgiden suratkeşiň ýygnanan ýerine barypdyr. Ol ýerde ýurduň iň ussat suratkeşleri özara bäsleşýän ekenler. Olaryň çeken suratlary biri-birinden gözel bolansoň, eminler kimi ýeňiji etjekdiklerini bilmän kösenipdirler. Olar gowusyndan gowusyny saýlap, ahyry iki sany suratkeşi öňe çykarypdyrlar. Şu ýerde eminleriň pikirleri çapraz gelipdir. Olaryň ýarysy birinji suratkeşi, ýarysy bolsa ikinjini ýeňiji etmeli diýen netijä gelipdirler. Jedel uzak wagtlap dowam edipdir. Olar ýeňijini kesgitlär ýaly hiç bir suratdan kemçilik tapyp bilmändirler. Ahyry hälki akyldar märekäniň arasyndan öňe çykypdyr-da, olara öz kömegini hödürläpdir. Meseläniň çözüljekdigine begenen eminler razy bolupdyrlar.

Akyldar suratlary içgin synlanyndan soň, olara garap:

Rus dilinden terjime eden Ogulşirin MERETLIÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.