Surat bäsleşigi

22 Aprel 2021
754

Babadaýhan etrap bilim bölümi hem-de Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşi tarapyndan okuwçy ýaşlaryň arasynda yglan edilen surat bäsleşiginiň jemi jemlendi. Türkmen bedewiniň milli baýramyna we Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanan bäsleşige şekillendiriş sungatyna höwesli ýaşlaryň onlarçasy öz işlerini hödürlediler.

Bäsleşigiň jemini jemlemek we ýeňijilerini sylaglamak mynasybetli etrapdaky 19-njy orta mekdepde geçirilen dabaranyň çäginde ýaş suratkeşleriň sergisiniň guralmagy bu çärä baý many goşdy. Okuwçy ýaşlar we mekdep mugallymlary sergini uly höwes bilen synladylar. Gözellikde we ýyndamlykda deňi-taýy bolmadyk gamyşgulak bedewleriň gözelligi, türkmen alabaýynyň gaýduwsyzlygy, mertligi ýaşlaryň bäsleşige hödürlän we serginiň bezegine öwrülen işlerinde öz beýanyny tapdy.

Arzygül NEPESOWA,
Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Babadaýhan etrap Geňeşiniň işgäri.