Sagdyn nesil — röwşen geljegimiz

22 Aprel 2021
809

Şeýle at bilen Babadaýhan etrabyndaky orta mekdeplerde ýörite meýilnama esasynda wagyz-nesihat duşuşyklary geçirilýär. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň, Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşiniň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikdäki meýilnamasy esasynda şeýle duşuşyklar etrapdaky 11-nji, 12-nji, 17-nji, 19-njy, 20-nji orta mekdeplerde geçirilip, olara okuwçy ýaşlar işjeň gatnaşdy.

Ýaşlary sport-sagaldyş hereketlerine giňden çekmek, olaryň berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmegini gazanmak maksady bilen geçirilen duşuşyklarda çykyşlara uly orun berildi. Tejribeli bilim işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri öz çykyşlarynda jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar bolmagy ugrunda edilýän taýsyz tagallalar barada ýaşlara gürrüň berdiler, ýaramaz endiklerden daşda durmak, sport bilen yzygiderli meşgullanmak bilen bagly öwüt-ündewlerini aýtdylar. Sagdyn iýmitlenmek, jemgyýetçilik ýerlerinde agyz-burun örtüklerini ulanmak, iki metr howpsuz araçägi saklamak, arassaçylygyň talaplaryny berjaý etmek boýunça degerli maslahatlaryň berilmegi duşuşyklaryň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Atajan JÜPBIÝEW,
Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Babadaýhan etrap Geňeşiniň başlygy.