Onlaýn hyzmatlary ýola goýuldy

22 Aprel 2021
807

Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň resmi internet web-saýtynyň açylmagy hem-de onda gulluk tarapyndan berilýän birnäçe hukuk hyzmatlaryny almak üçin internetiň üsti bilen onlaýn görnüşde sargytlary etmek mümkinçiliginiň döredilmegi bellenilmäge mynasyp täzelikdir.

Bu sanly mümkinçilikden peýdalanmak arkaly şahslar özleriniň gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryny döwlet sanawynda döwlet tarapyndan bellige aldyrmaklyk üçin gullugyň Aşgabat şäherinde hem-de welaýatlarda ýerleşýän ýerli edaralaryna onlaýn görnüşde nobata durup bilerler. Şeýle-de gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň döwlet sanawyndan bellige alyş işleri bilen bagly maglumatlary göçürme hem-de kepilnama görnüşde almak üçin onlaýn sargytlary edip bilerler.

Ykbal NURMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň Daşoguz welaýat müdirliginiň hünärmeni.