It — ýakyn dost

23 Aprel 2021
1307

Gazan kelle, läheň göwre, aýy penje, şir ýürek alamatlary bilen dünýä meşhur itler alabaýlardyr. Bu tohumyň şeýle häsiýetnama eýe bolanyna müňlerçe ýyl geçen-de bolsa, henize çenli hem olaryň şol asyl durkuny saklap galmagyna türkmen itşynaslary özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Şonuň üçinem alabaýlar parasatly halkymyzyň paýhasyndan, dynuwsyz zähmetinden dörän dünýä gymmatlyklarynyň hatarynda durýan baýlyklarymyzyň biridir.

Alabaýlaryň örän gadymylygyna Kaka etrabyndaky Altyndepede arheologik gazuw-agtaryş işleri geçirilende tapylan, bürünç döwrüne degişli itiň palçykdan ýasalan şekilleri şaýatlyk edýär. Gulaklarynyň kelte, guýruklarynyň kesik bolmagy olara häzirkizaman türkmen goýun itleriniň gadymy ata--babalarynyň şekiliniň subutnamasydyr diýmäge esas berýär. Birnäçe asyrlaryň dowamynda türkmen çarwalary sakçy itleriň, ýagny, goýun itleriniň hem-de çalasyndan algyr aw tazylarynyň ajaýyp tohumlaryny kemala getiripdirler.