"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Ene çürçüri

Biz saz bilen bagly kän zatlary eşidýäris. Näme üçindir olar aňsat-aňsat hakydaňdan çykanok. Meniň gürrüňini etjek bolýan bu wakam hem saz bilen bagly. Özem, ol sazyň diňe adama däl, guş-gumra-da täsir edişi barada. Bu gürrüňi men gum obalarynyň birinde myhman bolan wagtym eşitdim. Ol waka ýaz aýlary bolupdyr.

Häsiýetiňe görä bezeg daşyny saýlamak

Dünýäde gymmat bahaly daşlaryň 400-den gowrak görnüşi bar diýlip hasap edilýär. Olaryň hersiniň hem özboluşly häsiýetleri bar. Alymlaryň nygtamagyna görä, minerallar adamyň ýagdaýyna, saglygyna, keýpine, höwesine täsir edip bilýärler. Geologlar hem mineraldyr kristallaryň täsir ediji güýje eýedigini tassyklaýarlar. Birnäçe asyrlaryň dowamynda tebipler gymmat bahaly daşlary adamlaryň saglygyny bejermekde ulanypdyrlar. Bu günki gün bu işi litoterapewtler ýöredýärler. Tebigy gymmat bahaly daşlaryň häsiýetleri dürli-dürlüdir, olaryň käbiri rahatlandyrmaga ukyply bolsa, käbirleri tersine, adama güýç-kuwwat berip, janlandyrmaga ukyplydyr.  Gülgüne çakmakdaşy (kwars) — bu mineral adamyň häsiýetine oňaýly täsir edýär. Ol öz eýesiniň parahat häsiýetli, rehimli, aladaçyl we duýgur bolmagyna ýardam edýär. Gülgüne çakmakdaşy söýgini özüne çekýär we duýgularyňy güýçlendirýär. Ol durmuşda aşyk-magşuklaryň biri-birine duşmagyna ýardam edýär. Halkyň arasynda: «Eger gelinligiňe bu daşly bezegi sowgat etseň, onda ol öz ýaryna wepaly bolýar» diýlen ynanç hem bar.

Ýyldyzlar näme diýýär? Size gowulyk garaşýar 2021-nji ýyl Iýun

1. Hamal (Guzy 21.03—20.04) Iýun aýynyň başy hamallar üçin düşümli bolar. Aýyň ikinji ýarymynda olara gyzykly duşuşyklar garaşýar. Bu aýda olaryň döredijilikli başarnyklary üstünligi özüne çeker. Bu döwür akyl zähmeti, resminamalar bilen iş salyşýanlar, ylmy iş bilen meşgullanýanlar üçin düşümli döwürdir. Iş, hünär babatda iýun aýy hamallaryň durmuşyna täze meýilnamalaryň, özüne çekiji mümkinçilikleriň tüweleý ýaly çaltlykda bolup geçjekdigini duýarsyňyz.

Awaza – jennetiň ajaýyp künjegi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamy we dynç alyş ýerleri barada gürrüň gozgalsa, ilki Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky deňiz derwezesi bolan Hazar deňzi we onuň türkmen kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy biygtyýar ýadyňa düşýär. Türkmenistanyň hiç bir ýurduňka meňzemeýän, özboluşly ajaýyp tebigaty, jana şypaly howasy bar. Gözel tebigat türkmen topragyna şeýle eşretleri sahylyk bilen eçilipdir. Garagum, Köýtendag, Köpetdag, şeýle hem dünýäde iň bir arassa kenar hasaplanýan Hazar deňziniň türkmen kenary Awaza tebigy gözellikleriň, ajaýyplyklaryň iň bir baý ýeridir. Gahryman Arkadagymyzyň yzygiderli üns bermegi netijesinde örän gysga wagtyň içinde bu ýerde kaşaň myhmanhanalar, bejeriş-sagaldyş merkezleri, çagalar dynç alyş merkezleri, kottežler toplumlary peýda boldy. Gurlan binalaryň ählisi hem häzirki zaman ýörelgelerini we türkmen halkynyň milli binägärlik däplerini özünde jemläp, özboluşlylygy, bezeg aýratynlyklary bilen bir-birinden tapawutlanýar.

Bilimli çagalarymyz — nurana geljegimiz

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesliň dünýä derejesinde bilim-terbiýe almagy baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň bilim ulgamy düzümi boýunça-da, täze tehnologiýalaryň tejribä ornaşdyrylmagy babatda-da ýokary derejelere ýetirilýär. Ýaş nesliň beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil ösmegi, döwrebap bilim almagy üçin ýurdumyzda ähli zerur şertler döredilýär. Ýaşlarymyza daşary ýurt dillerini öwretmek, dünýägaraýşyny giňeltmek, başarnyklaryny we endiklerini ösdürmek, şol bir wagtda, döwrebap tehnologiýalary öwrenip, dünýäniň ösüşi bilen aýakdaş gadam basmaklaryny gazanmak bilim ulgamynyň baş maksadydyr.

Ru­hy gym­mat­lyk­la­ryň göz­ba­şy

Bäş müň ýyllyk şöhratly taryhyna buýsanýan halkymyz taryhyň ähli döwürlerinde kitaba aýratyn sarpa, hormat we söýgi bilen garapdyr. Bilimler çeşmesi bolan kitaba halkyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryny özünde jemleýän, ony ebedileşdirýän esasy serişde hökmünde baha beripdir. Hormatly Prezidentimiz kitabyň jemgyýeti özgerdiji güýjüne örän ýokary baha berip: «Kitap — tüm garaňky öýe şem getiren ýalydyr. Taryhy kitaplar geçmişiň tümlügini ýagtylandyrýar. Ynsanyň nuranalyga, aýdyňlyga, hakykata göz ýetirmäge ymtylyşyny, höwesini kanagatlandyrýar. Şoňa görä-de, ynsan nesilleri çuňňur mazmunly kitaplaryň we eserleriň öňünde baş egýär. Kitap ylmyň miwesi, medeniýetiň gülüdir. Kitaplar köp neşir edilse, ylym hem güllär, medeniýetem. Ylym güllese, taryhymyz güllär, tutuş adamzadyň ykballary, şu günümiz, geljegimiz gülzarlyga öwrüler» diýip, parasatlylyk bilen nygtaýar. Sanly bilim ulgamyna geçmegiň, sanly ykdysadyýeti durmuşa ornaşdyrmagyň esasy şertleriniň biri elektron kitaphanalary döretmek, şeýle hem olaryň peýdalanylyşyny giňeltmekdir. Ähli ugurlarda häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmagy döwrüň esasy wezipesi hasaplaýan Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda kitaphana işini döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda ösdürmekde iňňän möhüm işleri durmuşa geçirýär. Ýurdumyzdaky milli ylmy kitaphanalarda işleriň kompýuterleşdirilmegi, elektron kitaphanalaryň döredilmegi, olaryň Interne

Bahara meňzeş balalar

Al-elwan güllere beslenýän bahar paslynyň gözelligine syn edeniňde, şahyr Gurbannazar Ezizowyň: «Ellerinden dür dökülýän baharyň,Nepesi durlady çygly howany.Soňra syryp, gök ýüzünden buludy,Mawy reňke boýap çykdy asmany» —

Kärdeşimiz hakda kelam agyz

Söz mülküniň bagbany Ol gürrüňçilikleriň birinde: «Men şu düşünjäniň, şu duýgynyň kalbymda haçan oýanandygyny bilemok, ýöne men hemme zatda öz deň-duşlarymdan bir ädim öňde bolmalydygymy öz-özümi pugta ynandyrypdyryn. Biri saz çalsa, menem çalaryn, biri goşgy ýazsa, menem ýazaryn, biri hekaýa ýazsa, menem ýazaryn, biri surat çekse, menem çekerin diýdim. Tutan maksadym ýeňil däl ekeni, ýöne ähdimden dänmedim.

Arkadagyň sungaty sen, Aşgabat

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz bedew bady bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde, medeni-ynsanperwer ulgamynda gazanylýan ajaýyp üstünlikler döwletimiziň kuwwatyny, abraý-mertebesini artdyrýar, halkymyzyň bolelinlikde, bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün edýär. Bu gün bolsa mähriban halkymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny uludan baýram edýär. Aşgabat Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň paýtagty hökmünde ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni durmuşynda esasy orun eýeleýär. Şoňa görä-de, Aşgabat şäheri şähergurluşyk-binagärlik maksatnamalaryna laýyklykda yzygiderli ösdürilýär, abadanlaşdyrylýar, tapgyrlaýyn esasda täzeden gurulýar. Mähriban halkymyz aýdymda, sazda, halyçylykda, senetçilikde, atşynaslykda bolşy ýaly, bina galdyrmakda, ymarat gurmakda hem taryhda uly yz goýan halk. Gadymy Merwde, Köneürgençde, Dehistanda we beýleki türkmen kentlerinde gurlan köşkler, metjit-medreseler, kerwensaraýlar, minaralar, köprüler, bentler muňa doly şaýatlyk edýär. «Ozal akan ýerinden akarmyş aryk» diýlişi ýaly, türkmen halkynyň binagärlik sungatyndaky şol milli ýörelgeleri üçünji müňýyllygyň başynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen täze mazmuna eýe bolýar. Ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde, gözel paýtagtymyz Aşgabatda gurlup ulanylmaga ber

Taýçanak toýlarymyzyň bezegi

Mähriban Watanymyzyň paýtagty Aşgabat bu gün beýik ösüşleriň röwşen ýoly bilen öňe barýar. Taryh üçin uzak bolmadyk ýyllarda Aşgabat tanalmaz derejede özgerdi we giňedi. Golaýda şanly toýumyzyň öňýanynda Gahryman Arkadagymyzyň çapdan çykan çuň mazmunly «Ak şäherim Aşgabat» atly ajaýyp kitaby mähriban halkymyz üçin ajaýyp toý sowgady boldy. Kitabyň giriş bölüminde hormatly Prezidentimiziň beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragydan söz açyp başlamagy okyjylarda uly buýsanç duýgularyny döredýär. Alym Arkadagymyz Aşgabadyň dünýäniň ykdysady taýdan ösen, iň owadan şäheridigini nygtaýar. Biziň ýurdumyzyň beýleki şäherleri hem özboluşly gözellige eýedir. Eýsem, Watanymyzyň paýtagty Aşgabat olardan nähili tapawutlanýar? Belent mertebeli Prezidentimiz bu sowala: «Ýurdumyzyň şäherleriniň her biriniň özboluşly gözelligi bar. Paýtagtymyz Aşgabat bolsa, şolardaky gözellikleriň baryny özünde jemleýän şäher» diýip, anyk jogap berýär. Mähriban halkymyz tarapyndan guwanç bilen garşylanan bu kitabyň «Aşgabatda ak arzuwlar amala aşýar» diýen bölüminde ýurdumyzda atşynaslyk ulgamynyň, sportuň, aýratyn-da, welosiped sportunyň ösüşi anyk mysallar arkaly giňişleýin beýan edilýär. Uly höwes bilen okalýan bu kitapda okyjylary gyzyklandyrýan täsin maglumatlaryň bolmagy aýratyn guwandyryjydyr. Meni täze doglan taýçanaga at dakylyşy has-da gyzyklandyrdy. Onda hormatly Arkadagymyzyň şeýle sözleri bar: «Biz

Adam. Jemgyýet. Kanun.

Demokratik jemgyýetiň binýady Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kämilleşdirilmegi, milli parlamentde iki palataly ulgama geçilmegi döwletiň we jemgyýetiň häzirki zaman derejesiniň kanun taýdan berkidilmegine, milli kanunçylygyň kämilleşdirilmegine adamyň, raýatyň hukuklarynyň hem-de kanuny bähbitleriniň üpjün edilmegine ýardam edýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, kanun çykaryjy edara iki palataly ulgama geçirildi. Türkmenistanyň Milli Geňeşi kanunçykaryjy häkimiýet bolup, ol iki palatadan — Halk Maslahatyndan we Mejlisden ybarat bolup durýar. Halk Maslahaty 56 wekilden ybatardyr. Halk Maslahatynyň sekiz agzasy Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bellenilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzalaryny saýlamagyň tertibi milli kanunçylygyň kadalaryna laýyklykda amala aşyrylýar. Konstitusiýanyň 80-nji maddasyna laýyklykda, Halk Maslahaty öz düzüminden Halk Maslahatynyň Başlygyny, onuň orunbasaryny saýlaýar, komitetleri we toparlary düzýär.

Bagtyýarlygyň hukuk binýady

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda şanly 30 ýyllygynyň baýramy uludan toýlanýan milli Garaşsyzlygymyzyň hil taýdan täze tapgyrynda ýurdumyzda bolup geçýän özgerişler berk hukuk esaslaryna eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen amala aşyrylýan konstitusion özgertmeler esasynda ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek iki palataly parlamentiň döredilmegi kanunçykaryjy ulgamyň işini hil taýdan täze derejä çykarmak bilen ykdysadyýetde, syýasatda, medeniýetde geçirilýän özgerişleriň berk kanunçylyk binýadyny kemala getirmäge mümkinçilik berýär, halkymyzyň milli ýörelgelerini dünýäniň syýasy ylmynda we tejribesinde öňe sürlen gymmatlyklar bilen utgaşdyrmak esasynda iň kämil derejede raýat jemgyýetiniň kemala gelmegini üpjün edýär. Bagtyýarlyk döwrümizde Türkmenistanyň ösüşi ýurduň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny düýpli, mazmun taýdan täzelemäge, demokratik edaralaryň işine häzirki zaman ölçeglerini we kadalaryny ornaşdyrmaga, döwletiň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmäge, adamyň döredijilik mümkinçiliklerini açmak, raýatlyk hukuklaryny hem-de azatlyklaryny üpjün etmek we goramak üçin zerur şertleri döretmäge gönükdirilen öňdebaryjy özgertmeler bilen häsiýetlendirilýär. Öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basmagy bilen ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny, ilatyň durmuş goraglylygyny mundan beýläk-de berkitmek, halkyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli gowul

Ýürek mähri siňen sungat

Ata Watanymyzyň üstünden ýoly düşen, orta asyrlarda ýaşap geçen daşary ýurtly jahankeşdeleriň galdyran maglumatlarynda türkmen zenany eli çeperligiň, päk ahlaklylygyň, ýüregi mähir-muhabbetliligiň, nusgawy edep-ekramyň, zähmetsöýerligiň belent nusgasy hökmünde suratlandyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň käbesi Ogulabat ejäniň durmuş ýoly baradaky ýazgylary okanymyzda, ýürek mährinden, kalbynyň yhlasyndan dörän el işlerini synlanymyzda eden işi nusgalyk bu nurana zenanda türkmen enelerine mahsus bolan ähli ajaýyp häsiýet aýratynlyklaryň jemlenendigine doly göz ýetirýäris. Türkmen zenanynyň işeňňirlik, öňdengörüjilik, asyllylyk bilen sadadan sypaýy el işlerini döredýändigi üçin dünýäniň ýüzünde mertebesi belentdir, şan-şöhraty daglar aşýandyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen zenanlarynyň on barmagyndan sünnälenip çykýan el işlerine dünýä haýrandyr. Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejemiziň ýaşaýşa söýgüsiniň, belent tutanýerliliginiň, zähmetsöýerliginiň miwesi bolan el işlerine syn edenimizde göwnümiz galkynyp, kalbymyza ýakymly duýgular aralaşýar. Çünki üstünden ýarym asyr wagt geçse-de, asyl durkuny we reňk öwüşginliligini ýitirmän saklanan el işlerini ýerine ýetirmek üçin ägirt uly ussatlygyň, çeperçiligiň, hünäre, milliligimize bolan egsilmez söýginiň zerurdygy hakykatdyr.

Syýasy işjeňlik — ösüşleriň gözbaşy

Hormatly Prezidentimiziň badalga beren Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri zähmetsöýer halkymyzyň hal-ýagdaýynyň düýpli gowulandyrylmagyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň pajarlaýan zamanydyr. Döwlet bilen jemgyýetiň berk sazlaşygy demokratik ösüşiň esasy binýady bolup durýar. Bagtyýarlyk döwründe Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, türkmen halkynyň şan-şöhratynyň belende galmagynyň hatyrasyna jemgyýetde wagyz-nesihat, terbiýeçilik we ideologiýa işini alyp barmakda Gahryman Arkadagymyz jemgyýetçilik guramalaryna, şol sanda Türkmenistanyň Demokratik partiýasyna uly ynam bildirýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň: «Berkararlygymyzy, hemişelik Bitaraplygymyzy, bagtyýarlygymyzy, ýagty geljege bolan ynamy pugtalandyrmakda täze başlangyçlar bilen çykyş edýän Demokratik partiýa ýurdumyzyň esasy syýasy-jemgyýetçilik güýji bolmalydyr» diýip bellemegi biziň alyp barýan işlerimize täze güýç, itergi berýär. Milli Liderimiziň täzeçil, öňdengörüjilikli syýasaty döwletimiziň we jemgyýetimiziň batly depginler bilen hemmetaraplaýyn ösüş gazanmagyna hem-de halkara derejesindäki at-abraýynyň has-da beýgelmegine getirýär.

Sapaly tomus bosagada

GYZYKLY HEM-DE ŞADYÝAN GÜNLER Hormatly Prezidentimiziň pähim-parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe adam hakyndaky, onuň abadan ýaşaýşy, bagtly durmuşy baradaky aladalar mydamalyk göz öňünde tutulýan, möhüm hasaplanýan ugurlaryň biri bolmagynda galýar. Şunda röwşen ertirimiziň mynasyp eýeleri boljak ýaş nesilleriň sagdyn ösüp ulalmaklary, kämil bilim-terbiýe almaklary, ýurduň mynasyp eýeleri bolup ýetişmekleri baradaky atalyk aladalar hemişe ileri tutulýar. Bedew bady bilen öňe barýan berkarar Watanymyzyň şäherdir obalarynyň haýsy birine göz aýlasaň-da, şol aladalaryň aýdyň nyşanlaryny, görnüp duran alamatlaryny synlamak mümkin.

Zehin bäsleşikleri

TALYPLARYŇ ÜSTÜNLIGIGolaýda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda ýurdumyzdaky ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda onlaýn görnüşinde II açyk mehanika olimpiadasy geçirildi. Bäsleşik çekeleşikli we gyzgalaňly ýagdaýda geçip, onda talyp ýaşlaryň iň ezberleri, zehinlileri ýüze çykaryldy. Bu bäsleşige Türkmen oba hojalyk institutynyň talyplary hem işjeň gatnaşdylar. Bäsleşigiň netijesine görä, ýokary okuw mekdebimiziň talyplary Kasymberdi Dursunow, Jennet Bäşimowa 1-nji orunlara, Nepes Begmuradow 2-nji orna, Kakageldi Agajanow 3-nji orna mynasyp boldular.

«Daşoguz» şypahanasy — halkyň hyzmatynda

Howasy tenekar, ot-çöpi melhem gözel Diýarymyz şypahanalara, dynç alyş merkezlerine baý ülkedir. Ýurdumyzyň her bir künjeginiň ynsan saglygyna ýaramly täsir edýän tebigat gurşawynyň bardygy hakynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan melhemler mekany» atly kitabynda hem giňişleýin beýan edilýär. Ýurdumyzyň jana şypaly, goýny sapaly döwrebap şypahanalary tomusky dynç alyş möwsüminde has-da gelim-gidimli bolýar. Welaýatymyzyň çägindäki «Daşoguz» şypahanasynda hem häzirki günlerde tomusky dynç alyş möwsüminde raýatlary kabul etmäge güýçli depginde taýýarlyk görülýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiziň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiren Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň göçme mejlisinde öňde goýan möhüm wezipelerinden ugur alynýar.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň maslahaty

AŞGABAT, 22-nji maý (TDH). Şu gün sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň on dördünji maslahaty geçirildi. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda, täze kanunlaryň we kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň birnäçesi kabul edildi. Maslahata gatnaşmak üçin käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy. Gün tertibine laýyklykda, deputatlaryň garamagyna “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna” atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda” hem-de “Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy” atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalary hödürlenildi. Şanly sene — Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli bu hormatly sylaglara ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni ulgamlarynda uly üstünlikleri gazanan raýatlary mynasyp bolar.

Täze kitap bilen tanyşdyryldy

Hormatly Prezidentimiziň «Ak şäherim Aşgabat» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary welaýatymyzda giň gerime eýe bolýar. Merjen şäherimiz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň toý çärelerine özboluşly many goşýan täze kitabyň tanyşdyrylyş dabaralaryna bagtyýar ildeşlerimiz egsilmez şatlyk we joşgun bilen gatnaşýar. ÄNEW. Welaýat häkimliginiň golaýyndaky Mukaddeslik meýdançasynda Gahryman Arkadagymyzyň «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy toý ruhunda geçirildi. Ol welaýat häkimligi, welaýatyň jemgyýetçilik guramalary we Medeniýet müdirligi tarapyndan bilelikde guraldy.

Türkmenmetbugat: gündelik täzelikler bilen dessine tanyş!

Häzirki döwürde sanly ulgam arkaly ýurdumyzyň her bir ilaty ýaşaýan ýa-da iş ýerlerinden belli bir ugra uçarda uçmak ýa-da otluda gitmek üçin degişli edara-kärhanalaryndan online, ýagny, internet arkaly gerekli möhletine petekleri sargyt edip, töleg işlerini geçirip bilýärler. Tehnikanyň we tehnologiýanyň günsaýyn ösmegi netijesinde şular ýaly işleri el öýjükli smartfonlaryň üsti bilen ýörite ýüklenen programmalar arkaly ýerine ýetirip bolýar. Hawa, internet ulgamynyň has-da kämilleşmegi bilen, indi birnäçe ýyldan bäri watandaşlarymyz söwda işlerini-de online arkaly amala aşyrýarlar. Internet ulgamy şeýle-de programmalaryň hereket etmegi her bir alyjynyň wagtynyň tygşytlanmagyna hem-de günüň dowamyndaky beýleki berjaý edilmeli işleriniň bökdençsiz amala aşyrylmagyna ýardam edýär.