Häsiýetiňe görä bezeg daşyny saýlamak

25 Maý 2021
1151

Dünýäde gymmat bahaly daşlaryň 400-den gowrak görnüşi bar diýlip hasap edilýär. Olaryň hersiniň hem özboluşly häsiýetleri bar. Alymlaryň nygtamagyna görä, minerallar adamyň ýagdaýyna, saglygyna, keýpine, höwesine täsir edip bilýärler. Geologlar hem mineraldyr kristallaryň täsir ediji güýje eýedigini tassyklaýarlar. Birnäçe asyrlaryň dowamynda tebipler gymmat bahaly daşlary adamlaryň saglygyny bejermekde ulanypdyrlar. Bu günki gün bu işi litoterapewtler ýöredýärler. Tebigy gymmat bahaly daşlaryň häsiýetleri dürli-dürlüdir, olaryň käbiri rahatlandyrmaga ukyply bolsa, käbirleri tersine, adama güýç-kuwwat berip, janlandyrmaga ukyplydyr. 

Gülgüne çakmakdaşy (kwars) — bu mineral adamyň häsiýetine oňaýly täsir edýär. Ol öz eýesiniň parahat häsiýetli, rehimli, aladaçyl we duýgur bolmagyna ýardam edýär. Gülgüne çakmakdaşy söýgini özüne çekýär we duýgularyňy güýçlendirýär. Ol durmuşda aşyk-magşuklaryň biri-birine duşmagyna ýardam edýär. Halkyň arasynda: «Eger gelinligiňe bu daşly bezegi sowgat etseň, onda ol öz ýaryna wepaly bolýar» diýlen ynanç hem bar.

Taýýarlan: Gyzylgül PALTAÝEWA,
.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy.