Zehin bäsleşikleri

24 Maý 2021
861

TALYPLARYŇ ÜSTÜNLIGI
Golaýda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda ýurdumyzdaky ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda onlaýn görnüşinde II açyk mehanika olimpiadasy geçirildi. Bäsleşik çekeleşikli we gyzgalaňly ýagdaýda geçip, onda talyp ýaşlaryň iň ezberleri, zehinlileri ýüze çykaryldy.

Bu bäsleşige Türkmen oba hojalyk institutynyň talyplary hem işjeň gatnaşdylar. Bäsleşigiň netijesine görä, ýokary okuw mekdebimiziň talyplary Kasymberdi Dursunow, Jennet Bäşimowa 1-nji orunlara, Nepes Begmuradow 2-nji orna, Kakageldi Agajanow 3-nji orna mynasyp boldular.