Syýasy işjeňlik — ösüşleriň gözbaşy

24 Maý 2021
707

Hormatly Prezidentimiziň badalga beren Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri zähmetsöýer halkymyzyň hal-ýagdaýynyň düýpli gowulandyrylmagyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň pajarlaýan zamanydyr. Döwlet bilen jemgyýetiň berk sazlaşygy demokratik ösüşiň esasy binýady bolup durýar. Bagtyýarlyk döwründe Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, türkmen halkynyň şan-şöhratynyň belende galmagynyň hatyrasyna jemgyýetde wagyz-nesihat, terbiýeçilik we ideologiýa işini alyp barmakda Gahryman Arkadagymyz jemgyýetçilik guramalaryna, şol sanda Türkmenistanyň Demokratik partiýasyna uly ynam bildirýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň: «Berkararlygymyzy, hemişelik Bitaraplygymyzy, bagtyýarlygymyzy, ýagty geljege bolan ynamy pugtalandyrmakda täze başlangyçlar bilen çykyş edýän Demokratik partiýa ýurdumyzyň esasy syýasy-jemgyýetçilik güýji bolmalydyr» diýip bellemegi biziň alyp barýan işlerimize täze güýç, itergi berýär. Milli Liderimiziň täzeçil, öňdengörüjilikli syýasaty döwletimiziň we jemgyýetimiziň batly depginler bilen hemmetaraplaýyn ösüş gazanmagyna hem-de halkara derejesindäki at-abraýynyň has-da beýgelmegine getirýär.

Nurgeldi SAPAROW,
TDP-niň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap komitetiniň hünärmeni.