Sapaly tomus bosagada

24 Maý 2021
683

GYZYKLY HEM-DE ŞADYÝAN GÜNLER

Hormatly Prezidentimiziň pähim-parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe adam hakyndaky, onuň abadan ýaşaýşy, bagtly durmuşy baradaky aladalar mydamalyk göz öňünde tutulýan, möhüm hasaplanýan ugurlaryň biri bolmagynda galýar. Şunda röwşen ertirimiziň mynasyp eýeleri boljak ýaş nesilleriň sagdyn ösüp ulalmaklary, kämil bilim-terbiýe almaklary, ýurduň mynasyp eýeleri bolup ýetişmekleri baradaky atalyk aladalar hemişe ileri tutulýar. Bedew bady bilen öňe barýan berkarar Watanymyzyň şäherdir obalarynyň haýsy birine göz aýlasaň-da, şol aladalaryň aýdyň nyşanlaryny, görnüp duran alamatlaryny synlamak mümkin.

Ýörite habarçymyz.