Ru­hy gym­mat­lyk­la­ryň göz­ba­şy

25 Maý 2021
1010

Bäş müň ýyllyk şöhratly taryhyna buýsanýan halkymyz taryhyň ähli döwürlerinde kitaba aýratyn sarpa, hormat we söýgi bilen garapdyr. Bilimler çeşmesi bolan kitaba halkyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryny özünde jemleýän, ony ebedileşdirýän esasy serişde hökmünde baha beripdir. Hormatly Prezidentimiz kitabyň jemgyýeti özgerdiji güýjüne örän ýokary baha berip: «Kitap — tüm garaňky öýe şem getiren ýalydyr. Taryhy kitaplar geçmişiň tümlügini ýagtylandyrýar. Ynsanyň nuranalyga, aýdyňlyga, hakykata göz ýetirmäge ymtylyşyny, höwesini kanagatlandyrýar. Şoňa görä-de, ynsan nesilleri çuňňur mazmunly kitaplaryň we eserleriň öňünde baş egýär. Kitap ylmyň miwesi, medeniýetiň gülüdir. Kitaplar köp neşir edilse, ylym hem güllär, medeniýetem. Ylym güllese, taryhymyz güllär, tutuş adamzadyň ykballary, şu günümiz, geljegimiz gülzarlyga öwrüler» diýip, parasatlylyk bilen nygtaýar.

Sanly bilim ulgamyna geçmegiň, sanly ykdysadyýeti durmuşa ornaşdyrmagyň esasy şertleriniň biri elektron kitaphanalary döretmek, şeýle hem olaryň peýdalanylyşyny giňeltmekdir. Ähli ugurlarda häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmagy döwrüň esasy wezipesi hasaplaýan Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda kitaphana işini döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda ösdürmekde iňňän möhüm işleri durmuşa geçirýär. Ýurdumyzdaky milli ylmy kitaphanalarda işleriň kompýuterleşdirilmegi, elektron kitaphanalaryň döredilmegi, olaryň Internet arkaly halkara kitaphana ulgamyna birikdirilmegi, elektron kataloglaryň döredilmegi maglumat almak mümkinçiligini ep-esli ýeňilleşdirýär we giňeldýär. Halkara kitap alyş-çalyş işleriniň doly ýola goýulmagy bilen, dünýäniň islendik ýurdundan ylmyň dürli pudaklarynda işleýän türkmen alymlaryna, hünärmenlerine we talyplaryna gollanma bolan kitaplaryň hem-de döwürleýin neşirleriň ýurdumyzyň kitaphanalaryna alynmagy barha rowaçlanýan kitaphana işiniň döwrebaplaşdyrylýandygynyň aýdyň mysalydyr.

Güljemal GOTDAÝEWA,
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň 2-nji derejeli redaktory.